Ger­ma­ni­ýa eý­ýäm iki ýyl bä­ri yz­ly-yzy­na yk­dy­sa­dy­ýe­ti in­no­wa­si­on taý­dan ösen dün­ýä ýurt­la­ry ba­ra­da­ky reý­tin­giň ba­şy­ny çe­kip gel­ýär. Bu ba­ra­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň “Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my” gu­ra­ma­sy­nyň be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Reý­tin­giň ikin­ji we üçün­ji orun­la­ryn­da in­no­wa­si­on müm­kin­çi­li­gi bo­ýun­ça de­giş­li­lik­de, ABŞ we Şweý­sa­ri­ýa ýer­leş­di.

Be­ýa­nat­da Ger­ma­ni­ýa­nyň in­no­wa­si­on ba­bat­da ar­tyk­maç­lyk­la­ry­nyň ara­syn­da, esa­san, pa­tent al­ma­ga ber­len ar­za­la­ryň muk­da­ry, yl­my ma­ka­la­la­ryň sa­ny we yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ bo­ýun­ça aý­ra­tyn öňe saý­lan­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Be­ýa­na­tyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­da her mil­li­on ýa­şaý­ja 300-e go­laý pa­tent ar­za­sy düş­ýär.

Da­şa­ry söw­da we ma­ýa go­ýum­la­ry bo­ýun­ça fe­de­ral agent­li­giň baş di­rek­to­ry Ro­bert Her­man Ger­ma­ni­ýa­nyň reý­tin­giň bi­rin­ji or­nu­ny eýe­le­me­gi, onuň in­no­wa­si­on taý­dan ar­tyk­maç­lyk­la­ry­na no­bat­da­ky ge­zek gü­wä ge­çip, şüb­he­siz, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ra ma­ýa go­ýum­la­ry üçin ýur­duň özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni art­dy­rar di­ýip bel­le­di.