28-nji oktýabrda Urugwaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda sesleriň 80 göterime golaýy sanalandan soňra, “Giň gerim” bileleşiginiň wekili Daniel Martinesiň öňdeligi eýeleýändigi belli boldy. Bu barada ýurduň saýlaw komissiýasy mälim etdi. Maglumatlara görä, ýurduň saýlawçylarynyň 676 müňden gowragy (39,45%) Martinese ses berdi. Milli partiýanyň (Blanko) dalaşgäri Luis Lakalýe Po ikinji orunda gelip, ol 523 müň sese (30,52%) eýe boldy.
Urugwaýyň döwlet ýolbaşçysy bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. Dalaşgäriň saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanmagy üçin, saýlawçylaryň has köp sesine eýe bolmagy hökmany hasaplanýar. Daniel Martines öz bäsdeşini saýlawlaryň ikinji tapgyryna çykmagy bilen gutlady. Saýlawlaryň ikinji tapgyry 24-nji noýabrda meýilleşdirilýär.
Urugwaý – Günorta Amerikanyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän ýurt bolup, demirgazykda Braziliýa, günbatarda hem Argentina bilen araçäkleşip, günorta-gündogar kenarlaryny Atlantik ummany ýuwýar. Ýurduň ilaty 3 471 807 adama deň.