30-njy oktýabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Wengriýada saparda bolup, Premýer-ministr Wiktor Orban bilen gepleşikler geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Liderleri, esasan, Budapeştiň “Türk akymy” gaz geçirijisi taslamasyny amala aşyrmaga goşulyşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi. Gün tertibinde saglygy goraýyş, sport we ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýe boldy. “Lukoýl” we “Transneft” wenger hyzmatdaşlary bilen “Dostluk” turba geçirijisi arkaly nebit ugratmagyny dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Häzirki wagtda Wengriýanyň üsti bilen rus gazy Günbatar Ýewropa ugradylýar. Bu wezipä “Demirgazyk akymy” hem goşant goşar. Wladimir Putin Wengriýa baran mahaly, Daniýanyň öz çäkleri arkaly turba geçirijiniň gurluşygyna rugsat berendigi habar berildi.
– Biz Daniýanyň bu kararyny goldaýarys. Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna “Türk akymy” hem ýardam berer. Deňziň içinden turba çekmek işleri eýýäm tamamlandy. Taslama ýylyň ahyrynda doly taýýar bolar. Bu ugra Wengriýa hem gyzyklanma bildirýär – diýip, Prezident Wladimir Putin belledi.
– Wengriýa gazyň dürli ugurlardan gelmegi biziň üçin aýratyn möhümdir. Biz “Türk akymyna” näçe ir birleşsek, şonça hem gowy bolar – diýip, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban belledi.
Gün tertibinde Wengriýanyň “Pakş” atom elektrik stansiýasynda iki energiýa blogunyň gurluşygy, Wengriýanyň derýa floty üçin gämileriň gurluşygy, şeýle hem, Budapeşt şäheriniň metrosynyň otlularynyň modernizasiýalaşdyrylmagy ýaly, bilelikdäki birnäçe taslamalara seredildi.
Prezident Putin soňky gezek Wengriýada 2017-nji ýylyň awgustynda bolupdy.