Hor­wa­ti­ýa Şen­gen zo­la­gy­na gir­mek üçin ze­rur bo­lan äh­li şert­le­ri ber­jaý et­di. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň res­mi be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Şen­gen zo­la­gy­na gir­mek is­le­ýän Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry ze­rur şert­le­ri ka­bul ed­ýän­di­gi­ni tas­syk­lat­mak üçin wag­tyň bir­nä­çe sy­nag­la­ryn­dan geç­me­li bol­ýar­lar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň bir ýur­du­nyň beý­le­ki bir ýur­duň adyn­dan daş­ky ara­çäk­le­re gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça öz üs­tü­ne jo­gap­kär­lik al­ma­gy hem şol şert­le­riň bir bö­le­gi bo­lup dur­ýar.

“Hor­wa­ti­ýa­ 2016-njy ýyl­dan bä­ri Şen­gen ka­da-ka­nun­la­ry­na we stan­dart­la­ry­na do­ly eýer­mek üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri ka­bul et­di” diý­lip res­mi­na­ma­da bel­le­nil­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de ýur­duň “daş­ky ara­çäk­le­re gö­zeg­çi­lik ba­bat­da äh­li ze­rur çä­re­le­ri ama­la aşyr­ma­gy­ny do­wam et­dir­me­li” diý­lip bel­le­nil­ýär.

– Hor­wa­ti­ýa­nyň ýa­kyn gün­ler­de Şen­gen zo­la­gy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bol­ma­gy üçin ag­za döw­let­le­riň aý­gyt­ly ädim ät­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn – di­ýip, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Žan-Klod Ýun­ker aýt­dy. In­di Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy bu me­se­lä­ni Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň ga­ra­ma­gy­na ge­çi­rer, on­dan soň­ra gu­tar­nyk­ly ka­rar ka­bul edi­ler. Bal­kan ýurt­la­ry­nyň Şen­gen zo­la­gy­na gir­me­gi üçin, 26 sa­ny Şen­gen döw­let­i­niň äh­li­si­niň ra­zy­ly­gy ge­rek. Hor­wa­ti­ýa 2013-nji ýyl­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­sy bol­dy, ýö­ne Şen­gen yla­la­şy­gy zo­la­gy­na gir­me­di.

Şen­gen – bir­nä­çe Ýew­ro­pa ýurtlarynyň ara­çäk­le­rin­de pas­port-wi­za gö­zeg­çi­li­gi­ni ýö­ne­keý­leş­dir­mek ba­ra­da­ky yla­la­şyk bo­lup, oňa il­ki bäş sa­ny Ýew­ro­pa döw­le­ti­niň ara­syn­da 1985-nji ýyl­da gol çe­kil­di we 1999-njy ýyl­da Amsterdam şertnamasy güýje girenden soňra Ýewropanyň umumy kanunlaryna goşuldy.