Nýu-Ýorkda “Hudson Yards” ady bilen dünýäniň iň beýik üsti açyk synlaýyş meýdançasy açylar. Bu synlaýyş meýdançasy täze gurlan toplumyň iň ýokarky künjünde ýerleşip, Manhetten etrabyndan 345 metr belentlige uzaýar. Bu meýdança täze inžener tehnologiýasy bilen abzallaşdyrylyp, aşagyna goşmaça daýanç bolmazdan diwara berkidilipdir. Bu meýdançadan Nýu-Ýorkuň ajaýyp manzarasy açylýar.
– Bu ýerden Azatlyk heýkeliniň, Merkezi seýilgähiň we şäheriň beýleki ähmiýetli ýerleriniň edil eliň aýasynda ýaly görünmegi, köpleri haýrana goýsa gerek – diýip, “Hudson Yards” merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Jeýson Horkin belledi.
Meýdançanyň germewine çenli ähli zady mäkäm dury aýnadan edilipdir. Onuň dup-dury meýdançasy özüňi howada asyl-asyl ýaly duýmaga mümkinçilik berýär. Häzirlikçe bu meýdança diňe žurnalistleri goýberdiler. Bu synlaýyş meýdançasy geljek ýylyň mart aýynda resmi taýdan açylyp ulanmaga berler.
Mundan başga-da, geljek ýyl Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde dünýäniň iň belent synlaýyş meýdançasy ýerleşýän binanyň gurluşygyna başlamak göz öňünde tutulýar. Binanyň belentligi bir kilometr bolup, synlaýyş meýdançasy 800 metr belentlikde ýerleşer.