Amerikan korporasiýasy “Google” ýaşyl tehnologiýany ulanmak boýunça strategiýasynyň çäklerinde Ýewropanyň Gün batareýalary parkyna milliard dollardan gowrak maýa goýjakdygyny mälim etdi. Beýanatda şol parklaryň bäşisiniň Daniýada guruljakdygy barada habar berilýär.
“Google”-niň täze taslamasy diňe bir Daniýany däl, eýsem, Finlýandiýany, Şwesiýany we Belgiýany öz içine alýar. Korporasiýa Daniýada kuwwaty 160 megawatta barabar bolan jemi bäş sany Gün energiýa parkyny gurar. Gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, ilkinji üç park 2020-nji ýylyň tomsunda ulanmaga berlip, galan ikisi hem şol ýylyň ahyrynda taýýar bolar.
Täze meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi “Google”-niň ýel we Gün energiýasy baradaky global ylalaşyklaryny 40 göterimden gowrak artdyrar. Bu bolsa Gün panelleri bilen abzallaşdyrylan bir million üçegi 5 500 megawatta çenli Gün energiýasy bilen üpjün etmäge ýardam berer.
Gün energiýasy parklarynyň gurluşygynda “European Energy A/S” we “Better Energy A/S” ýaly Daniýa kompaniýalarynyň tehnologiýasy ulanylar.