Fi­lip­pin­ler­de ge­çi­ri­len “Ze­mi­n gö­ze­li – 2019” bäs­le­şi­gi­niň eýe­si Pu­er­to-Ri­ko­ly gyz Nelli Pi­men­tel bol­dy. Ol 84 bäs­de­şin­den öňe saý­la­nyp, Ýer to­ga­la­gy­nyň iň owa­dan gy­zy bol­dy. Bäs­le­şik­de ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şa­ran bu gyz öz ýur­du­nyň il­kin­ji we­ki­li­dir. Bäs­le­şik her ýyl­da BMG-niň şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ri­lip, onuň mak­sa­dy daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň me­se­le­le­ri­ne üns çek­mek­den yba­rat­dyr.

Ger­ma­ni­ýa­nyň Týu­ring se­bi­tin­de ge­çi­ri­len land­ta­gyň (ýer­li par­la­ment) saý­law­la­ryn­da “Çep­çi” par­ti­ýa 30 gö­te­rim ses bi­len öň­de­li­gi eýe­le­di. “Ger­ma­ni­ýa üçin al­ter­na­ti­wa” par­ti­ýa­sy bol­sa, ses­le­riň 23 gö­te­ri­mi­ne eýe bol­dy. Bu iki ýyl mun­dan ozal­ky ge­çi­ri­len saý­law­lar bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, iki es­se köp­dür. An­ge­la Mer­ke­liň kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­sy bol­sa, 22,7 gö­te­rim ses bi­len üçün­ji ýe­ri eýe­le­di.

Ow­ga­nys­tan Yslam Respublikasynda sent­ýab­ryň 28-ne ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň des­lap­ky ne­ti­je­le­ri 14-nji no­ýabr­da mä­lim edi­ler. Bu ba­ra­da ga­raş­syz saý­law ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ha­wa Alam Nu­ri­ta­ni 1TV te­le­ýaý­ly­my ar­ka­ly ha­bar ber­di.

De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa­da wag­tyn­dan öň par­la­ment saý­law­la­ry 2020-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da Res­pub­li­ka­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Pre­zi­dent Ste­wo Pen­da­rows­kiý bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da mä­lim et­di. Mundan öň saý­law­lar 2020-nji ýy­lyň ahy­ry­na me­ýil­leş­di­ri­lip­di.

31-nji okt­ýabr­dan 4-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Tai­land­da Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (ASEAN) 35-nji sam­mi­ti ge­çi­ril­ýär. Sam­mi­tiň ahy­ryn­da gu­ra­ma­nyň baş­lyk­ly­gy Tai­land­dan Wýet­na­ma ge­çi­ri­ler. Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da ýer­leş­ýän 10 ýur­duň se­bit­le­ýin döw­le­ta­ra sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gu­ra­ma­sy­nyň dü­zü­mi­ne In­do­ne­zi­ýa, Ma­laý­zi­ýa, Sin­ga­pur, Tai­land, Fi­lip­pin­ler, Bru­neý-Da­rus­sa­lam, Wýet­nam, La­os, Mýan­ma, Kam­bo­ja döw­let­leri gir­ýär.

Por­tu­ga­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri, So­sia­lis­tik par­ti­ýa­nyň Li­de­ri An­to­niu Koş­ta ýur­duň Pre­zi­den­ti Mar­se­lu Re­be­lu de Sou­za kons­ti­tu­si­on hö­kü­me­tiň tä­ze dü­zü­mi­ni hö­dür­le­di. Ola­ryň 18-si zenanlardyr. An­to­niu Koş­ta­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hö­kü­met­de 19 mi­nistr bo­lar. 6-njy okt­ýabr­da Por­tu­ga­li­ýa­da ge­çi­ri­len Par­la­ment saý­law­la­ryn­da Prem­ýer-mi­nistr An­to­niu Koş­ta­nyň So­sia­lis­tik par­ti­ýa­sy 36,34% ses bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.