Italiýanyň Milan şäherinde hormatly Prezidentimiziň bu ýurda amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde işewürler maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de 100-den gowrak öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň howandarlyk etmeginde Italiýa Respublikasynyň Täjirçilik ministrliginiň Söwda boýunça agentliginiň, türkmen tarapyndan bolsa Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda geçirilen bu çärä birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, eksport ugurly pudaklaryň ýolbaşçylary, TSTB-niň agzalary bolan hususy kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
“Rosa Grand” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyk Türkmenistan bilen Italiýanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde we giňeltmekde nobatdaky ädime öwrüldi. Ol ösüşiň strategik ugurlaryny kesgitledi. Onuň çäklerinde ýurdumyzda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Ol özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we geljekki ösüşini beýan etdi. Sergide Türkmenistanyň dokma senagatyna, himiýa, nebitgaz ugurlaryna, oba hojalygyna, ulag pudagyna, şeýle hem ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna degişli önümler we gymmatlyklar görkezildi. Duşuşygy Italiýa Respublikasynyň Täjirçilik ministrliginiň Söwda boýunça agentliginiň baş direktory Roberto Luongo açdy. Ol çykyşynyň başynda bu gezekki forumyň import-eksport meseleleri bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini öwrenmegi hem ugur edinýändigini nygtady. Şunlukda, Roberto Luongo Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň görnetin artýandygyny aýtdy. 2019-njy ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça bu görkezijileriň ýokarlanyp, ýylyň ahyryna çenli iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberiniň 200 million ýewrodan gowrak boljakdygyna ynam bildirdi.
Ägirt uly tebigy serişdeleri we Merkezi Aziýada sazlaşykly ykdysadyýeti bolan Türkmenistan söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmakda ägirt uly ykdysady mümkinçilige eýedir. Öz gezeginde, Italiýanyň işewürler bileleşiginiň wekilleri Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen dürli pudaklarda we önümçilik ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeleri hem-de iri taslamalar bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, 2019-njy ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy barada aýdyldy. Şeýle hem her ýylda jemi içerki önüme garanyňda, maýa goýumyň paýy 35-40 göterime golaýlaýar. Şunlukda, daşary ýurt maýalarynyň mukdary umumy möçberiň 15 göterimine barabardyr. Diňe 2018-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ABŞ-nyň 11,5 milliard dollary möçberinde maýa goýum serişdeleri gönükdirildi we önümçilik-tehniki hem-de durmuş maksatly desgalaryň 1700-den gowragy guruldy. 2019-njy ýylyň birinji alty aýynda daşarky söwdanyň möçberi ABŞ-nyň 7,2 milliard dollaryna, eksportuň mukdary bolsa 4,7 milliard dollara barabar boldy. Halkara Pul Gaznasy Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny we bäsdeşlige ukyplylygyny tassyklady. 2019-njy ýyldan 2025-nji ýyla çenli ýurduň ykdysady ösüşiniň 6,2-8,2 göterim derejesinde boljakdygy çaklanylýar. Türkmen döwletiniň we ýurdumyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen işewürlik düzümleriniň Italiýanyň halkara giňişligine ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen we ýokary derejä eýe bolan öňdebaryjy kompaniýalary bilen gatnaşyk etmäge bolan gyzyklanmalary mälim edildi. Häzirki güne çenli ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň 22-si we italýan maýalarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalaryň 16-sy bellige alyndy.
Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda, hususan-da, senagat, dokma, nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklaryndaky giň maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumatlar berildi. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň ähli ugurlarda işewürlik we hyzmatdaşlyk üçin açykdygyna göz ýetirdiler. Tutuşlygyna alnanda, bu duşuşyk iki ýurduň uzak möhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny anyklaşdyrmaga ýardam berdi. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Hususan-da, diplomatik ugurda, energetika-senagat we ulag ulgamynda, dokma senagatynda, bank, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty hem-de bilim ulgamlarynda ähtnamalaryň we ylalaşyklaryň 12-sine gol çekildi. Mundan başga-da, türkmen telekeçileri dürli italýan kompaniýalary, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin enjamlary we tehnologiýalary iberýän kompaniýalar bilen şertnamalaryň 11-sine gol çekdiler. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary işewürler maslahatynyň çäginde duşuşyklar geçirdiler. Olar Türkmenistanyň we Italiýanyň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri, däp bolan ugurlarda bolşy ýaly, täze ugurlarda hem gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.