Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly ös­ýän, dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy we hyz­mat­daş­lyk et­mek­de yg­ty­bar­ly döw­let­le­riň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä ýü­zün­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­niň gün­sa­ýyn beý­gel­ýän­di­gi­ni, döw­let bin­ýa­dy­nyň berk­li­gi, dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ryn­da ösü­şiň ýo­ka­ry dep­gi­ni, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş–dur­muş de­re­je­si­niň bar­ha ýo­kar­lan­ma­gy hem aý­dyň su­but­na­ma­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­miz dün­ýä­niň iň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da yk­dy­sa­dy ösü­şiň in­no­wa­si­on ýo­lu­ny saý­la­dy.

In­no­wa­si­ýa – mu­nuň özi döw­rüň ba­zar şert­le­rin­de döw­let ösü­şin­de we yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryn­da öz­gert­me­le­riň ge­çi­ril­me­gi, şeý­le hem ýo­ka­ry ta­lap­ly, has bäh­bit­li we ne­ti­je­li önüm­le­ri taý­ýar­la­mak­da tä­ze­çil­li­gi or­naş­dyr­ma­gy aň­lad­ýar. “In­no­wa­si­ýa” adal­ga­sy dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni öw­re­niş yl­myn­da XX asy­ryň ba­şyn­dan bä­ri ýör­gün­li­dir. Ol “novatio” di­ýen la­tyn sö­zün­den eme­le ge­lip “tä­ze­le­niş, öz­gert­me­le­ri ge­çir­mek” diý­me­gi aň­lad­ýar. Bu neo­lo­giz­miň “in” go­şul­ma­sy la­tyn di­lin­de “ugur -ýol” diý­mek­dir. Ýag­ny, in­no­wa­si­ýa dü­şün­je­si do­ly ala­nyň-da, “ösü­şiň öz­ger­di­len, tä­ze­le­nen ug­ry” diý­me­gi aň­lad­ýar. Özi hem “in­no­wa­si­ýa” adal­ga­sy­nyň iş­jeň ula­nyl­ma­gy, esa­san, içer­ki we da­şar­ky ba­zar gat­na­şyk­la­ryn­da, önüm­çi­lik­de, gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­rin­de we iş­çi güý­jü­ni ulan­mak­da has ne­ti­je­li we yg­ty­bar­ly ug­ruň nus­ga­sy­nyň saý­la­nyp alyn­ma­gy bi­len bag­ly­dyr.

Şeý­le­lik­de, in­no­wa­si­on ösü­şiň do­wam­ly­ly­gy­ny: teh­no­lo­gi­ýa taý­dan iş­läp taý­ýar­lan­ma­lar – üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dyr­ylyş – hil taý­dan ýo­ka­ry we ka­na­gat­lan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri ga­za­nyş gör­nü­şin­de göz öňü­ne ge­tir­mek bo­lar. Ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­tyň öze­ni we esa­sy mak­sa­dy in­no­wa­si­ýa ösü­şi­niň “türk­men nu­s­ga­sy­ny” dö­ret­mek­den we bu ugur­da mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa üs­tün­lik­li or­naş­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.

Ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň yk­dy­sa­dy taý­dan ýo­ka­ry dep­gin­li ösü­şi­ni ga­zan­mak­da in­no­wa­si­on hä­si­ýet­li önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, bäs­le­şi­ge ukyp­ly taý­ýar ha­ryt­la­ry ön­dür­mek we ola­ry dün­ýä ba­za­ry­na çy­kar­mak eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­ri taý­ýar­la­mak we daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak, ýa­şa­ýyş–dur­muş we in­že­ner­çi­lik üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny hil taý­dan ýo­ka­ry de­re­je­ler­de ös­dür­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na tap­gyr­la­ýyn esas­da ge­çir­mek, döw­let eýe­çi­li­gi­niň kär­ha­na­la­ry­ny hu­su­sy­laş­dyr­mak, önü­mçi­li­giň tä­ze ugur­la­ry­ny we gör­nüş­le­ri­ni yg­ty­ýar­lan­dyr­mak, er­kin yk­dy­sa­dy zo­lak­la­ry, gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny dö­ret­mek ba­ba­tyn­da iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bu gün­ki gün Türk­me­nis­tan da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek­de, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry dö­ret­mek­de, ýo­ka­ry hil­li döw­re­bap iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek­de dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar.

Bu üs­tün­lik­ler di­ňe Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ry­na üs­tün­lik­li or­naş­dy­ryl­ma­gy, şeý­le hem ön­dü­ri­len önüm­le­riň ba­zar­la­ra köp­çü­lik­le­ýin ter­tip­de yzy­gi­der­li ýer­le­nil­me­gi we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly hem-de yg­ty­bar­ly, kuw­wat­ly mil­li in­no­wa­si­on ul­ga­myň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bi­len ga­za­nyl­ýar.

Hä­zir­ki wagt­da yk­dy­sa­dy in­no­wa­si­on ösüş ýo­ly bi­ziň eş­ret­li dur­mu­şy­my­zyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy­my­za, zäh­met we ýa­şa­ýyş şert­le­ri­mi­ziň has–da go­wu­lan­ma­gy­na, äh­li ugur­la­ra tä­ze­çil­lik öz­ge­riş­le­ri­niň üs­tün­lik­li or­naş­dy­ryl­ma­gy­na hyz­mat ed­ýär. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň her bir gü­nü­ni ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne bes­le­ýän Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, ba­şy dik bol­sun, il–ýurt bäh­bit­li iş­le­ri mun­dan beý­läk–de he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Maýagözel MA­JE­KO­WA,

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we

do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.