Tai­lan­dyň paý­tag­ty Bang­kok­da 2-4-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da ASEAN-yň 35-nji sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa sam­mi­ti­niň çäk­le­rin­de dur­nuk­ly ösüş, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar, san­ly teh­no­lo­gi­ýa ýa­ly ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy öňe iler­let­me­giň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Giň ge­rim­li bu fo­rum­da ASEAN döw­let­le­ri hem-de Rus­si­ýa, Hy­taý, Hin­dis­tan, ABŞ, Ýa­po­ni­ýa, Ko­re­ýa Respublikasy, Awst­ra­li­ýa we Tä­ze Ze­lan­di­ýa ýa­ly hyz­mat­daş ýurt­lar bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Tai­lan­dyň Prem­ýer-mi­nist­ri Pra­ýut Çan-Oça sam­mit­de eden çy­ky­şyn­da ASEAN-yň gül­läp ös­ýän dur­nuk­ly se­bi­ti­ni dö­ret­mek üçin se­bi­tiň hem­me­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky yla­la­şy­gy­ny mun­dan beý­läk-­de öňe iler­let­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem, Pra­ýut Çan-Oça sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ry Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de köp­ta­rap­la­ýyn söw­da ul­ga­my­na, şeý­le hem, ASEAN-yň hem-de se­bi­tiň yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň se­bit we sub­se­bit gur­lu­şy­na ýar­dam ber­me­gi­ni do­wam et­dir­mä­ge ça­gyr­dy. Mun­dan baş­ga-da, mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de ASEAN-a ag­za ýurt­la­ryň 2019-njy ýyl­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri hem-de öň­de dur­ýan kä­bir me­se­le­le­ri ba­ra­da mas­la­hat edil­di.

Gün­do­gar Azi­ýa­da hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ASEAN-yň 35-nji sam­mi­tin­de bi­le­le­şi­giň ýurt­la­ry hem-de gep­le­şik­ler bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ ýurt­lar dur­nuk­ly ösü­şiň hem-de se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça dür­li yla­la­şyk­la­ry ga­zan­dy­lar.

Prem­ýer-mi­nistr Pra­ýut Çan-Oça soň­ky ýyl­lar­da ASEAN se­bi­ti­niň dür­li me­se­le­ler bi­len ýüz­be-ýüz bo­lan­dy­gy­ny, şu mak­sat bi­len hä­zir­ki sam­mi­tiň esa­sy mow­zu­gy­nyň “Dur­nuk­ly ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na hyz­mat­daş­ly­ga ýar­dam” diý­lip at­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem, ol ge­çen ýyl­lar­da bu ugur­da­ky öza­ra hyz­mat­daş­lyk­lar söw­da­da, me­de­ni­ýet­de, dur­nuk­ly ösüş­de we beý­le­ki­ler­de ga­ra­şyl­ýan ne­ti­je­le­ri ber­en­di­gi­ni mä­lim et­di.

Wýet­na­myň Prem­ýer-mi­nist­ri Nguen Su­an Fuk 2020-nji ýyl­da ASEAN Yk­dy­sa­dy Jem­gy­ýe­ti­niň dö­re­dil­me­gi­niň 5 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ol Wýet­na­myň dür­li ugur­lar­da, şol san­da, bi­le­le­şi­giň yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk­-de ös­dür­mek­de ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

1967-nji ýyl­da dö­re­di­len Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy (ASEAN) Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da ýer­leş­ýän 10 ýur­duň se­bit­le­ýin, döw­le­ta­ra, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gu­ra­ma­sy­dyr. Bu gu­ra­ma­nyň dü­zü­mi­ne In­do­ne­zi­ýa, Ma­laý­zi­ýa, Sin­ga­pur, Tai­land, Fi­lip­pin­ler, Bru­neý-Da­rus­sa­lam, Wýet­nam, La­os, Mýan­ma, Kam­bo­ja ýa­ly döw­let­ler gir­ýär. ASEAN-a ag­za ýurt­la­ryň ila­ty 500 mil­li­on ada­ma deň bo­lup, je­mi içer­ki önü­mi ABŞ-nyň 3 tril­li­on dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr. ASEAN-yň iň ýo­ka­ry or­ga­ny döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry­nyň sam­mi­ti bo­lup, ýyl­da iki ge­zek ge­çi­ril­ýär.

Sam­mi­tiň ahy­ryn­da 2020-nji ýyl­da Wýet­nam döw­le­ti­niň ASEAN-a baş­lyk­lyk et­jek­di­gi ha­bar be­ril­di.