Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Par­la­men­ti Prem­ýer-mi­nist­r Bo­ris Jon­so­nyň 12-nji de­kabr­da Par­la­ment saý­law­la­ry­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni ma­kul­la­dy. Şeý­le­lik­de, saý­law­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky hö­kü­me­tiň ka­nun tas­la­ma­sy ob­şi­na­lar pa­la­ta­sy ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­nan­dan soň­ra, lord­lar pa­la­ta­sy ta­ra­pyn­dan hem gol­daw tap­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Ko­ro­l zenany Ýe­li­za­we­ta II eý­ýäm bel­le­ni­len möh­let­de wag­tyn­dan öň Par­la­ment saý­law­la­ry­ny ge­çir­mä­ge ra­zy­lyk be­ren­di­gi ba­ra­da Bri­ta­ni­ýa­nyň ob­şi­na­lar pa­la­ta­sy­nyň spi­ke­ri Jon Ber­kow mä­lim et­di.

Ýurt­da saý­law kam­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi üçin 6-njy no­ýabr­da ýur­duň Par­la­men­ti ýa­ty­ryl­dy. Prem­ýer-mi­nistr Bo­ris Jon­son wag­tyn­dan öň ge­çi­ri­len saý­law­lar­da öz Kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­sy­nyň ob­şi­na­lar pa­la­ta­syn­da has köp or­na eýe bo­lup, öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da üs­tün­lik ga­zan­ma­ga bil bag­la­ýar.

Te­re­za Meý şu ýy­lyň 7-nji iýu­nyn­da Bri­ta­ni­ýa­nyň Kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­sy­nyň baş­lyk­ly­gyn­dan çe­kil­jek­di­gi­ni mä­lim eden­den soň­ra, ýur­duň ozal­ky da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Bo­ris Jon­son 23-nji iýul­da Kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­nyň tä­ze baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nyp­dy. Şon­da ol ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Je­re­mi Han­t­dan ozup, bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Bo­ris Jon­son Ýe­li­za­we­ta II döw­rün­de 14-nji Prem­ýer-mi­nistr­dir.