8-nji noýabrda Dubaýyň şeýh Zaýed köçesinde “Dubai Fitness Challenge” (DFC) sport taslamasynyň çäklerinde “Dubai Run 30×30” ylgaw ýaryşy geçirildi. Dubaýyň syýahatçylyk we söwda marketingi departamentiniň maglumatlaryna görä, sport maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar 14 zolakly awtomagistraldan ylgap, özleriniň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändiklerini görkezdiler. Sport çäresiniň esasy maksady – Dubaý şäherini fiziki taýdan dünýäniň iň işjeň şäherine öwürmekden ybaratdyr.
Şeýlelikde, guramaçylar nobatdaky gezek şäheriň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bu fitnes herekete goşulmaga çagyrdylar. Ählumumy şäher çäresine gatnaşmak erkin boldy. Sport söýüjiler 5-10 kilometre çenli aralygy ylgap geçdiler. Ylgawlaryň başlangyjy we pellehanasy Dubaýyň söwda merkezi (DWTC) boldy.
5 kilometre bellenilen ylgaw fiziki taýýarlygy islendik derejedäki ähli ýaşdaky adamlara niýetlenildi. Mundan başga-da, fitnes-herekete kolýaskaly maýyplar hem-de çaga kolýaskaly ene-atalar gatnaşdylar. Bu sport başlangyjyna Dubaýyň döwlet, ylym-bilim hem-de işewürler edaralarynyň ýolbaşçylary hem goşuldylar. 10 kilometrlik aralygy ylgap geçmek 18 ýaşyna ýeten ähli sport söýüjilere teklip edildi.
Şeýle hem, çärä gatnaşmak üçin bellige aldyrmak hemmelere hökmany hasaplandy: 5 kilometrlik aralyga ylgamak – 8 ýaşdan ulular üçin, 10 kilometr aralyga ylgamak – 18 ýaşdan ýokarylar üçin.
“Dubai Run” ylgaw ýaryşy BAE-niň aragatnaşyk kompaniýasy “Etisalat”, Dubaýyň polisiýasy “Dubai Police”, Dubaýyň ýol-ulag müdirligi RTA, Arap radioulgamy ARN ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlykda Dubaýyň elektroenergetika we suw ätiýaçlyklary müdirligi tarapyndan guraldy.