4-7-nji noýabr aralygynda Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda “WEB Summit-2019” geçirilip, oňa dünýäniň 170 ýurdundan 70 müň adam gatnaşdy. Sammite 11 müň tehnologik kompaniýa we startap, şeýle-de, 2 müň 600-e golaý metbugat wekilleri gatnaşdylar. Sammite gatnaşan 1,2 müňden gowrak myhman söz sözläp, emeli aň, sanly ykdysadyýet we biznes-medeniýeti barada pikir alyşdylar. Forumyň işine BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Portugaliýanyň Premýer-ministri Antoniu Koşta, Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Toni Bleýer we beýleki syýasy işgärler, “Microsoft”, “Samsung Electronics”, “Apple” we dünýä belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary we maýadarlar gatnaşdylar.
Irland işewürleri Peddi Kosgreýw, Daýre Hikki we Dewid Kelli tarapyndan esaslandyrylan “Web” sammiti internet-tehnologiýasyny, innowasiýa we telekeçiligi ösdürmek boýunça bütindünýä çäreleriniň biri bolup durýar. Bu dünýäde iň uly maglumat tehnologiýasy boýunça maslahat bolup, “Booking”, “Pinterest”, “eBay”, “Reddit”, “Facebook”, “Google” ýaly iri internet-taslamalary hem-de offlaýn-brendleri bir ýere jemleýär. Bu sammit maglumat tehnologiýasy boýunça iş alyp barýan zenan-işewürler, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşde tehnologiýanyň ähmiýeti, ekologiýa boýunça umumy ulgamy döretmek ýaly birnäçe mowzuklary öz içine aldy.
Geçen ýylyň noýabrynda sammitiň şowly geçendigi nazara alnyp, hökümetiň, Lissabonyň şäher geňeşiniň we Peddi Kosgreýwiň arasynda bu sammiti Portugaliýanyň paýtagtynda 2028-nji ýyla çenli her ýylda geçirmek barada ylalaşyga gol çekildi. Ilkinji “Web” sammiti 2010-njy ýylda Irlandiýanyň paýtagty Dublinde geçirildi. Ol 2016-njy ýyldan bäri Lissabonda geçirilip, dünýäde iň iri ylmy-tehniki forumlaryň biri hasaplanýar.