5-10-njy no­ýabr ara­ly­gyn­da Şan­ha­ýyň mil­li ser­gi top­lu­myn­da ikin­ji hal­ka­ra im­port ser­gi­si (CIIE) ge­çi­ril­ýär. Ser­gi­de dün­ýä­niň 150 ýur­dun­dan 3 müň­den gow­rak kom­pa­ni­ýa 360 müň ine­dör­dül metr­ meý­dan­da öz önüm­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. Şu­nuň bi­len bir wagt­da 64 ýurt mil­li pa­wil­ýon­la­ry bi­len gat­naş­ýar­. Ser­gi Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň ýar­da­my bi­len Hy­ta­ýyň söw­da mi­nistr­li­gi we Şan­ha­ýyň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy. Ser­gi­de dür­li ýurt­la­ryň söw­da, se­na­gat we ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri ba­bat­da soň­ky ga­za­nan­la­ry hö­dür­len­ýär. Bu ýer­de iri ma­ýa­dar­lar we söw­da hyz­mat­daş­la­ry hy­taý ba­za­ry­nyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça hö­dür­le­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş bol­du­lar. Bu ýyl Hy­ta­ýyň pa­wil­ýo­ny ýur­duň soň­ky ýyl­lar­da ga­za­nan so­si­al-yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­na ba­gyş­la­nyp­dyr.

Maglumatlara görä, Hytaý ýakyn bäş ýylda bahasy 10 trillion dollardan gowrak harytlary we hyzmatlary import eder. Şanhaýyň geçen ýylky birinji import sergisinde 57 milliard dollardan gowrak bahasy bolan şertnamalara gol çekildi.

4-6-njy no­ýabr ara­ly­gyn­da Hy­taý­da sa­par­da bo­lan Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin bi­len bir­lik­de bu ser­gä gat­naş­dy. Mun­dan baş­ga-da, bu ser­gä Ýa­maý­ka­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Endr­ýu Hol­ness, Gre­si­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ki­ria­kos Mi­so­ta­kis we Ser­bi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ana Brna­biç gat­naş­dy­lar.

6-njy no­ýabr­da Si Szin­pin fran­suz li­de­ri­ni res­mi gep­le­şik­ler üçin Pe­kin­de ka­bul et­di. Em­ma­nu­el Mak­ron bi­len Si Szin­pi­niň Pe­kin­de ge­çi­ren gep­le­şik­le­rin­den soň­ra mä­lim edi­len bi­le­lik­dä­ki be­ýa­nat­da iki ýur­duň Li­der­le­ri­niň daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça Pa­riž yla­la­şy­gy­na berk eýer­ýän­dik­le­ri tas­syk­lan­ýar. Du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bin­de yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar hem-de eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şeý­le hem atom ener­ge­ti­ka­sy, awia­si­ýa, ae­ro­kos­mos se­na­ga­ty ýa­ly pu­dak­lar­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da tä­ze yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy. Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ba­ha­sy 15 mil­liard ýew­ro deň bo­lan bir­nä­çe şert­na­ma gol çe­kil­di.