“Volkswagen” Germaniýa Federatiw Respublikasynyň gündogarynda ýerleşýän Swikkau zawodynda özüniň seriýalaýyn elektroulagy – ID.3-iň önümçiligine başlady. Elektroulagyň ilkinji nusgasy konweýerden çykanda oňa Kansler Angela Merkel we awtokonserniň baş direktory Gerbert Diss syn etdiler.
“Volkswagen”-iň täze ulagynyň önümçiliginiň açylyşynda Angela Merkel hökümetiň elektroulaglar üçin zarýad beketleriniň infrastrukturasynyň gurluşygyna 3,5 milliard töweregi ýewro maýa goýmagy niýet edinýändigini mälim etdi. Ol ýurduň awtosenagatynda bolup geçýän özgerişlikleri “kysymlaryň özgermegi” diýip atlandyrdy.
Bahasy 30 müň ýewro deň bolan ID.3 elektroulagy ekologik taýdan arassa energiýa bilen işleýär. 2021-nji ýyla çenli bu kysymdaky elektroulaglaryň 330 müň töweregini öndürmek meýilleşdirilip, bu ýagdaý Swikkau zawodyny Ýewropada elektroulag öndürmek boýunça iň iri zawodlaryň birine öwrer. Eýýäm, ID.3 elektroulagyny satyn almak üçin, dünýäde 35 müň adam sargyt edipdir.