Afrika yklymynyň elektron pasport – resminamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ol Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde Afrika Bileleşiginiň 27-nji sammitiniň çäklerinde geçirildi. Ilkinji tapgyrda, elektron pasport şahsyýetnamasy Afrika ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlaryna, daşary işler ministrlerine hem-de Afrika Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekillere berler. Afrikanyň ilatynyň elektron pasport bilen üpjün edilmegi olaryň yklymyň çägindäki ýurtlara arkaýyn syýahat etmegine giň mümkinçilik döreder.
Halkara foruma 50-den gowrak döwletden ýokary derejeli ýolbaşçylar gatnaşdy. Forumda Afrika Bileleşiginiň komissiýasynyň başlygy Nkosazan Dlamini-Zuma elektron pasportuň ilkinji nusgasyny görkezdi. Soňra Afrika Bileleşiginiň başlygy, Çadyň Prezidenti Idriss Debi Itno we Ruandanyň Prezidenti Pol Kagame elektron pasporty dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Yklymyň raýatlaryny elektron pasport bilen üpjün etmek Afrika Bileleşiginiň maksatnamasynyň esasy böleginiň birini düzýär. Birnäçe ýyl mundan ozal, umumafrikan pasportuna eýe bolmak arzuw edilýärdi. Kigalidäki sammitde bu arzuw hasyl boldy. Elektron pasportuň ilkinji nusgalary eýelerine gowşuryldy. Indi Afrika ýurtlary elektron şahsyýetnamalary taýýarlamak işine giň gerim bererler.
Täze pasportlaryň hasabyna 2020-nji ýyldan başlap, yklymyň çäginde ygtyýarnama düzgünini has-da ýeňilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Ruandadaky forumyň barşynda “2063-nji ýyla çenli gün tertibi” maksatnamasynyň çäklerinde Afrika ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.