14-15-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi.
Forumda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, bu ulgamlary kämilleşdirmäge we ösdürmäge, täzelikleri işjeň ornaşdyrmaga, şol sanda mekdep ýaşyna çenli, orta we ýokary bilim edaralaryna ornaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary üçin ylmy işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen syýasatyň netijeliligi görkezildi.
Sergä Hytaýdan, Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan, Slowakiýadan, Sloweniýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Hindistandan, Pakistandan, Malaýziýadan, Eýrandan, Ispaniýadan, Portugaliýadan, Singapurdan, Latwiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan kompýuter, multimediýa tehnikasyny, mekdep mebelini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny, sport serişdelerini öndürmek, programma üpjünçiligini taýýarlamak bilen meşgullanýan meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragy gatnaşdy.
Forum şeýle hem ministrlikleriň, esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 120-ä golaý wekilini, ylymlaryň doktorlaryny, professorlaryny jemledi.
Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklary iň täze enjamlar bilen üpjün edildi. Olar döwrebap usulyýet we okuw esbaplaryny görkezdiler. Ýokary okuw mekdepleri okuwa girjekler üçin özleriniň maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar, talyplar özleriniň işläp düzen taslamalaryny görkezdiler, mugallymlar bolsa hünärleriň giň görnüşleri, okatmagyň häzirki zaman usullary hem-de uçurymlaryň geljekki işleri barada maslahatlary berdiler.
“Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara söz berýäris.
Bu möhüm çärä Türkmenistanyň Mejlisiniñ ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriñ we edaralaryñ, jemgyýetçilik guramalarynyñ, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryñ baştutanlary, bilim we sport ulgamlarynyň köpsanly işgärleri, hormatly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, dünýäniň köpsanly abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.
Gülälek Çopanowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
mugallymy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň ylym, bilim, sport ulgamlary batly depginler bilen ösýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly işleri döwlet derejesinde möhüm ugurlaryň hataryna çykardy. Bu möhüm çärede biz hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutymyz bilen sergi meýdançasynda ýurdumyzyň, ýokary okuw mekdebimiziň birnäçe ýyllaryň dowamynda ýeten sepgitleri ajaýyp şöhlelenýän sergi esbaplary bilen geldik. Hormatly Prezidentimiziň hut öz başlangyjy bilen gurlup ulanylmaga berlen ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyp ýaşlarymyz, hereket edýän köp sanly bilim maksatnamalarynyň çäklerinde, biziň ýokary okuw mekdeplerimiz bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen ähtnamalar, ylalaşyklar bilen tanyşdyryldy. Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde biziň talyp ýaşlarymyz we mugallymlarymyz okuw tejribeliklerinde saparda bolup geldiler. Munuň özi giňişleýin tejribe alyşmaga, şu ugurda ýetilen ajaýyp sepgitler bilen giňişleýin tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, sanly bilim ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly ýetilen sepgitleri şu sergide görmek bolýar. Dünýäniň köpsanly abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, köpsanly syýasy-jemgyýetçilik, bilim ulgamynyň işgärleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda hem dünýä derejesinde maglumat-kommunikasiýa serişdelerini peýdalanmak bilen bilimi, okatmagyň derejesini netijeli ýagdaýda ösdürmek bilen baglanyşykly pikir alyşmaga uly mümkinçilik döredildi. Ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaşlar barada, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy barada edýän atalyk aladalary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok.
Assem
Beisembinowa,
Gazagystan Respublikasynyň Kimep uniwersitetiniň talyplary toplamak we okuwa kabul etmek boýunça bölüminiň assosiatiw müdiri.
Biziň ýokary okuw mekdebimiz Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde ýerleşýär. Abraýly ýokary okuw mekdebimiz 1992-nji ýyldan bäri hereket edýär. Bizde okamaga isleg bildirýän ýaşlar üçin dört sany fakultet bar. Bular Biznes, Sosial ylymlar, ynsanperwer ylymlary we bilim fakultetleridir. Bulardan başga-da, hukuk mekdebi hem hereket edýär. Şeýle-de maliýe-audit, marketing, menejment, maglumat ulgamy, halkara gatnaşyklary, döwlet dolandyryş, ykdysadyýet, žurnalistika, hukuk, halkara hukugy we ikinji daşary ýurt dilleri, ýagny iňlis-koreý, iňlis-hytaý, iňlis-nemes dilleri ýaly hünärler bar. Bizde okuw dersleri diňe iňlis dilinde geçirilýär. Daşary ýurtdan gelen talyplara iňlis dilini hökman bilmek zerurdyr. Şeýle-de biziň ýokary okuw mekdebimiz bilimi boýunça tapawutlanan talyplary köp sanly talyp haklary bilen üpjün edýär. Olaryň 300-si goňşy döwletlerden gelen talyplar üçin niýetlenildi. Şonuň üçin goňşy döwletlerden gelen talyplaryň Kimep uniwersitetinde mugt okamaga mümkinçilikleri bar. Ýaşlary biziň uniwersitetimizde okamaga çagyrýarys.
Lee Hyunkyoung,
Patyşa Sejon institutynyň Gaznasynyň medeniýet çärelerini üpjün etmek bölüminiň jogapkär işgäri.
Koreýada ýerleşýän gaznanyň jemi 60 döwletde 180 sany okuw merkezleri hereket edýär. Bu döwletlerde koreý dili, medeniýeti, mugallymlaryň kämilleşdirilişi boýunça köp işler alnyp barylýar. Her ýyl Koreýada we daşary ýurt okuw merkezlerinde medeniýet çäreleri, sergiler gurnalýar. Biziň Aşgabatdaky Koreý okuw merkezimiziň resmi açylyş dabarasy şu ýylyň 28-nji oktýabrynda boldy. Bu açylyş dabarasyna şu gaznanyň direktory Kang Hyunhwa, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çin Kihun hem-de Türkmenistanyň Bilim ministri gatnaşdy. Aşgabat şäherinde açylan Koreý okuw merkezinde häzirki wagtda başlangyç toparlar hem-de ortaky toparlar hereket edýär. Bu ýerde ýaşlar diňe Koreý dilini öwrenmän, eýsem, Koreý medeniýeti bilen hem tanyş bolýarlar, dilini, sözleýşini çuňlaşdyryp öwrenýärler.
Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.Sergide sport mowzugy hem bilim ulgamy bilen sazlaşykly beýan edilipdir. Adam maýasynyň esasy hökmünde saglygy goramak sagdyn-durmuş ýörelgesini berjaý etmäge esaslanýar.
2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyna we 2021-nji ýylda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyna işjeň taýýarlyk görmek bilen baglylykda, sergä gelýänlere köpsanly düzümleýin taslamalar, iri halkara ýaryşlarda ençeme gezek baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri görkezilýär. Milli sport federasiýalary ýurdumyz üçin täze bolan petank we kýorling ýaly sportuň görnüşlerini hem görkezýärler.
Sport modasynyň mowzugy 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin sport lybaslarynyň görkezilişinde öz beýanyny tapdy. Bu çäre Dokma senagaty ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy. Milli nagyşlar hem-de nyşanlar bilen bezelen owadan we köpöwüşginli lybaslar biziň ýygyndy toparymyzyň täze ýeňişlere ymtylmasynyň beýanyna öwrülmelidir.
Sport sergisine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň esasy guramalary we ýörite enjamlary, esbaplary we lybaslary öndürýän kärhanalar hem-de kompaniýalar wekilçilik etdi.
Şeýle hem bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirildi. Forumda garalan meseleleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda geljegiň abadançylygynyň bähbidine bilim, okatmak işinde sanly tehnologiýalaryň orny bilim ulgamynda özgertmeler hem-de innowasiýalar we beýleki meseleler bar.
Halkara maslahatyň çäklerinde resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Bu resminamalar hyzmatdaşlygy giňeltmek, tejribe alyşmak ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.