Üzü­miň dä­ne­si­niň adam be­de­nin­dä­ki dür­li zy­ýan­ly mad­da­la­ra gar­şy­lyk be­ri­ji­li­gi­niň örän baý­dy­gy anyk­la­nyl­dy. Onuň dü­zü­min­de fe­nol kis­lo­ta­sy, an­to­si­an, fla­wo­no­id ýa­ly köp san­ly bir­leş­me­ler bar. Şu bir­leş­me­le­r esa­syn­da üzü­miň dä­ne­le­ri dür­li çiş­me­le­riň, okis­len­mä­niň we do­ku­ma­la­ryň bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem ga­nyň ba­­syşy­nyň pe­sel­me­si­ne kö­mek ber­ýär.
Gan ba­sy­şy ýo­ka­ry bo­lan 810 ada­myň gat­naş­ma­gyn­da 16 sa­ny yl­my-bar­lag­lar ge­çi­ril­di. Bar­la­ga gat­na­şy­jy­la­ra her gün 100-den 2000 mil­lig­ra­ma çen­li üzü­miň dä­ne­sin­den taý­ýar­la­nan ekst­rak­ty be­ril­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, adam­la­ryň gan ba­sy­şy bel­li de­re­je­ler­de pe­sel­di. Şeý­le hem üzü­miň dä­ne­le­rin­den taý­ýar­la­nan ekst­rakt süňk­le­riň çe­ýe bol­ma­gy üçin hem peý­da­ly­dyr. Mun­dan baş­ga-da, üzü­miň dä­ne­si ka­da­ly iý­len ýag­da­ýyn­da böw­re­giň iş­ini sazlaýar. Ekst­rakt böw­re­giň iş­le­ýiş ul­ga­my­nyň bo­zul­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, on­da­ky çiş­me­le­riň hem azal­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Şeý­le ýag­daý ada­myň bag­ry üçin hem de­giş­li­dir. Üzü­miň dä­ne­si­niň ekst­rak­ty bag­ry dür­li zy­ýan­ly zat­lar­dan go­ra­ýar.
Adam­lar üzü­mi iň dat­ly mi­we­le­riň bi­ri di­ýip ha­sap­la­ýar­lar. Üzüm süý­ji we kuw­wat­ly­ly­gy ýo­ka­ry bo­lan azyk önü­mi­dir. Şo­nuň üçin adam be­de­ni­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän mi­we­le­riň bi­ri hem üzüm­dir.

Maksatmämmet SARYHANOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.