13-14-nji noýabrda Braziliýanyň paýtagty Braziliada BRIKS-iň (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy) XI sammiti geçirildi. Döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň duşuşygy “Itamarati” köşgünde geçirildi. Bu sammit bu ýerde eýýäm ikinji gezek geçirilýär. Mundan ozal Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň Liderleri bu ýerde 2010-njy ýylda dört taraplaýyn görnüşde duşuşypdylar. Günorta Afrika Respublikasy 2011-nji ýylda resmi taýdan BRIKS-e goşulypdy.
BRIKS-iň maslahatynda “Innowasion geljek üçin ykdysady ösüş” mowzugy aýratyn ähmiýete eýe bolup, ylmy-tehnologik we innowasion hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet, işewürler geňeşiniň özara gatnaşyklaryny berkitmek we BRIKS-iň täze banky baradaky meselelere garaldy.
BRIKS – Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy ýurtlarynyň resmi däl döwletara bileleşigidir. Bu ýurtlaryň Liderleriniň yzygiderli sammiti 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär. 2013-nji ýyldan bäri maslahata geografik hem-de geosyýasy taýdan ýakyn döwletler hem çagyrylýar. Şeýle duşuşyklaryň iň soňkusy geçen ýylyň iýulynda Günorta Afrika Respublikasynyň Ýohannesburg şäherinde geçdi.
Mundan başga-da, daşary işler, maliýe, saglygy goraýyş, bilim, oba hojalygy ministrleriniň hem-de howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlary derejesinde gepleşikler geçirildi. Duşuşyklaryň mowzugy energiýa, howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy, garyplyk bilen göreş, durnukly ösüş, halkara maliýe institutlarynyň işi ýaly dürli ugurlary öz içine aldy.
Bu ýurtlar dünýäniň ilatynyň 40 göterimini öz içine alyp, Ýer togalagynyň dörtden bir bölegini eýeleýär. Soňky ýyllar BRIKS ýurtlarynyň jemi içerki önümi barha artýar. Bu gurama 2006-njy ýylda Peterburg ykdysady forumynyň çäklerinde Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda esaslandyryldy.