10-njy noýabrda Rumyniýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda häzirki Prezident Klaus Ýohannis öňdeligi eýeledi. Saýlawlarda onuň ýolbaşçylyk edýän Milli liberal partiýasy görnetin öňe saýlanyp, 39 göterim sese eýe boldy. Rumyn sosial-demokratlarynyň lideri Wiorika Dançile 22,5 göterim sese eýe bolup, ikinji orny eýeledi. Ol mundan ozal Rumyniýanyň hökümetine ýolbaşçylyk edýärdi. Rumyniýada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 24-nji noýabrda geçiriler.
Saýlawlara ýurtda ses bermäge hukugy bolan raýatlaryň 47,54 göterimi gatnaşdy. Döwletiň iň ýokary wezipesine dürli partiýalardan 14 dalaşgär gatnaşdy. Ýurtda Prezident saýlawlary her 4 ýyldan geçirilýär. Kanun çykaryjy häkimiýet iki palataly parlamentden ybarat bolup, Senatdan (176 orun) we Wekiller palatasyndan (412 orun) ybaratdyr.
Günorta-Gündogar Ýewropanyň bu döwletiniň 19 million 511 müň töweregi ilaty bolup, ilat sany boýunça Ýewropada dokuzynjy orny eýeleýär. Paýtagty Buharest. Ýurduň 42 sany dolandyryş-çäk birligi bolup, onuň Günorta-Gündogaryny Gara deňzi ýuwýar. Ukraina, Moldowa, Wengriýa, Serbiýa we Bolgariýa bilen araçäkleşýär. Ýurt öz garaşsyzlygyny 1877-nji ýylyň 21-nji maýynda jar edýär.