10-njy no­ýabr­da To­kio­nyň mer­ke­zin­de Ýa­po­ni­ýa­nyň tä­ze Im­pe­ra­to­ry Na­ru­hi­to­nyň tag­ta geç­me­gi my­na­sy­bet­li, da­ba­ra­ly aw­tou­lag­ly ýö­riş ge­çi­ril­di. 400 metr­den gow­ra­ga uza­ýan aw­tou­lag kerweni baş köşk­den Akas­ka kabulhanasyna ta­rap ugur al­dy. Aw­tou­lag kerweni­niň ba­şy­ny Na­ru­hi­to we onuň aýa­ly Ma­sa­ko çe­kip, olar da­ba­ra­ly ýö­riş üçin ýö­ri­te ni­ýet­le­nen üs­ti açyk aw­tou­lag­da git­di­ler. Ola­ryň yz ýa­nyn­dan 4,6 ki­lo­metr ara­ly­ga çen­li hö­kü­met we­kil­le­ri, şol san­da, Prem­ýer-mi­nistr Sind­zo Abe­niň otu­ran aw­tou­la­gy he­re­ket et­di. Im­pe­ra­to­ryň da­ba­ra­ly ýö­ri­şi­ni syn­la­mak üçin müň­ler­çe ýa­poniýa­ly ýyg­na­nyp, Im­pe­ra­to­ry we onuň egin­deş­le­ri­ni mü­bä­rek­le­di­ler.

85 ýaş­ly Aki­hi­to ýa­şy­nyň bir çe­ne ba­ran­ly­gy üçin dynç al­şa çy­kan­dan soň, onuň og­ly Na­ru­hi­to 2019-njy ýy­lyň bi­rin­ji ma­ýyn­da tag­ta çy­kyp, ýur­duň 126-njy Im­pe­ra­to­ry bo­lup­dy. Ýa­po­ni­ýa­nyň tä­ze Im­pe­ra­to­ry Na­ru­hi­to tag­ta ge­çen­den soň, ýa­pon se­ne­si bo­ýun­ça ýurt­da “Reý­wa” (Saz­la­şyk) eý­ýa­my baş­la­dy.