Ýewropa Bileleşigi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak maksady bilen 1 trillion ýewro bölüp berer. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň täze ýolbaşçysy, Ursula fon der Lýaýen Berlinde eden çykyşynda mälim etdi.
Ursula fon der Lýaýeniň sözlerine görä, bu pul serişdeleri indiki 10 ýylyň dowamynda bölünip berler. Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak maksady bilen bu karary kabul etdi.
Ýewropa Komissiýasy 2018-nji ýylyň noýabrynda howa taşlanýan zyýanly gazlary azaltmak maksady bilen uzak möhletli strategik konsepsiýasyny hödürledi.
Ursula fon der Lýaýeniň Ýewropa Komissiýasynyň başlyklygyna dalaşgärligi 2019-njy ýylyň iýulynda tassyklandy. Ol 1-nji dekabrda wezipesine girişip, bu edara ýolbaşçylyk edýän ilkinji zenan bolar. 60 ýaşly Ursula fon der Lýaýen alty ýyl bäri Germaniýanyň goranmak ministri wezipesini eýeläp geldi. Ol Angela Merkeliň ýakyn egindeşleriniň biri bolup, köpler ony kansleriň wezipesiniň dalaşgäri hasaplaýardylar. Ol fransuz dilini suwara bilýär we Fransiýanyň syýasy toparlarynyň arasynda giňden tanalýar.