Finlýandiýanyň hökümeti indiki 3 ýylyň dowamynda BMG-niň Ýaşyl gurşaw gaznasyna 100 million ýewro gönükdirer. Pariž ylalaşygyna laýyklykda döredilen bu gazna, ösüp barýan ýurtlarda howa zyňylýan taşlandylary azaltmaga hem-de howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerine garşy gönükdirilen taslamalara ýardam berer. Geçen ýyllar bilen deňeşdireniňde bu gazna berilýän maliýe ýardamy Finlýandiýa tarapyndan 25 göterim artdy. 2015-nji ýylda Finlýandiýanyň hökümetiniň bu gazna geçiren serişdeleri 80 million ýewro deň boldy.
– Finlýandiýa howanyň üýtgemegine garşy göreşde global borçlary öz üstüne alyp, ösüp barýan ýurtlaryň daşky gurşaw bilen bagly işlerine ýardam bermegi meýilleşdirýär. Ýaşyl gurşaw gaznasy Pariž ylalaşygynyň çäklerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Biz howanyň özgermegine garşy hereketlerimizi mundan beýläk-de artdyryp, bu ugurda wagt ýitirmän uly işleri amala aşyrmalydyrys – diýip, Finlýandiýanyň ösüş we daşarky söwda babatda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça ministri Wille Skinnari aýdýar.
Häzirki wagtda Ýaşyl gurşaw gaznasy Gana, Zimbabwe, Gonduras ýaly ýurtlarda alnyp barylýan taslamalaryň üstünde işleýär. Şeýle hem, 27 ýurt Ýaşyl gurşaw gaznasynyň alyp barýan işlerine ýardam bermek maksady bilen geljek ýyldan başlap birnäçe ýylyň dowamynda 9,8 milliard dollar pul serişdelerini bölüp berjekdigini mälim edýär.