Ped­ro San­çe­siň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Ispan so­sia­lis­tik iş­çi par­ti­ýa­sy­nyň ýeň­şi ab­sol­ýut köp­çü­lik däl, şo­ňa gö­rä, par­ti­ýa­la­ryň ara­syn­da hö­kü­met düz­mek üçin uzak wag­ta çek­ýän gep­le­şik­ler al­nyp bar­lar. San­çes öz bäs­deş­le­ri­niň äh­li­si­ni Is­pa­ni­ýa­nyň bäh­bi­di­ne je­bis­li­ge ça­gyr­dy.

– Bi­ziň So­sia­lis­tik iş­çi par­ti­ýa­my­zyň mak­sa­dy saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­zan­mak­ däl-de, eý­sem, dur­nuk­ly hö­kü­met gur­mak­dyr. Şo­ňa gö­rä, äh­li par­ti­ýa­la­ry bu ha­ýyr­ly işe ýar­dam ber­mä­ge ça­gyr­ýa­ryn – di­ýip, ol aýt­dy.

Is­pa­ni­ýa­da ge­çi­ri­len bu saý­law­lar soň­ky 4 ýy­lyň için­de dör­dün­ji­si­dir. 120 or­na eýe bo­lan Is­pan so­sia­lis­tik iş­çi par­ti­ýa­syn­dan (PSOE) baş­ga ýur­duň sy­ýa­sy güýç­le­ri­niň il­kin­ji ha­ta­ry­na “Po­pu­lar” halk par­ti­ýa­sy (87 orun), VOX par­ti­ýa­sy (52 orun), “Uni­das Po­de­mos” sy­ýa­sy bi­le­le­şi­gi (26 orun) gir­di­ler. Ýurt bo­ýun­ça je­mi 23 müň saý­law uças­to­gy açyl­dy. Ko­rol­lyk­da ses ber­mä­ge hu­ku­gy bo­lan 37 mil­li­on tö­we­re­gi saý­law­çy bo­lup, ola­ryň 2 mil­lio­ny da­şa­ry ýurt­lar­da ýa­şa­ýar. Bu sy­ýa­sy çä­rä saý­law­çy­la­ryň 57 gö­te­ri­me go­la­ýy­nyň gat­na­şan­dy­gy ha­bar be­ril­di.

Ped­ro San­çes 1972-nji ýy­lyň 29-njy few­ra­lyn­da Mad­rid­de do­gul­ýar. Ol Ra­mi­ro de Ma­ez­tu­da adyn­da­ky Mad­rid döw­let ins­ti­tu­tyn­da okap bi­lim al­ýar. Soň­ra Mad­ri­diň Komp­lu­ten­se uni­wer­si­te­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýet we biz­nes bö­lü­mi­ne oku­wa gi­rip, ony 1995-nji ýyl­da ta­mam­la­ýar. Soň­ra ol oku­wy­ny do­wam et­di­rip, Brýus­se­liň Er­kin­lik uni­wer­si­te­tin­de (1997–1998) ma­gistr de­re­je­si­ni al­ýar. On­dan soň­ra ol Or­te­gi-i-Gas­se­ta adyn­da­ky (2001–2002) ins­ti­tut­da, IESE biz­nes mek­de­bin­de (2004–2005) we Ka­mi­lo Ho­se Se­la adyn­da­ky uni­wer­si­tet­de okap, 2012-nji ýyl­da dok­tor­lyk de­re­je­si­ne eýe bol­ýar. Ol şol okuw mekdebinde 2008-nji ýy­la çen­li yk­dy­sa­dy ylym­lar bo­ýun­ça mu­gal­lym bo­lup iş­le­ýär. 1993-nji ýyl­da sy­ýa­sy işe baş­lan San­çes bir­nä­çe we­zi­pe­ler­de iş­län­den soň, 2018-nji ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­dan is­pan hö­kü­me­ti­niň tä­ze ýol­baş­çy­sy bol­up, ýur­duň ta­ry­hyn­da hal­kyň se­si bol­maz­dan, da­laş­gär­li­gi tas­syk­la­nan il­kin­ji Prem­ýer-mi­nistr­dir. San­çes fran­suz we iň­lis dil­le­ri­ni su­wa­ra bil­ýär, bas­ket­bol oý­na­ma­gy ha­la­ýar. Maş­ga­la­ly, iki gy­zy bar.