Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň hö­kü­me­ti dün­ýä­niň iň iri ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy “Sau­di Aramco”-nyň paý­na­ma­la­ry­ny il­kin­ji ge­zek bir­ža çy­kar­ma­ga yg­ty­ýar ber­di. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ma­ýa go­ýum­la­ry ba­za­ry bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň di­rek­tor­lar ge­ňe­şi kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň il­kin­ji ge­zek sa­tu­wy­ny ge­çir­me­gi ma­kul­la­dy. Onuň sa­tu­wy­nyň de­kab­ryň ba­şyn­da sa­ud bir­ža­sy “Ta­da­wul”-da ge­çi­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär. “Sau­di Aramco”-nyň paý­na­ma­la­ry bir­ža­nyň ta­ry­hyn­da iň gym­ma­dy bo­lar.

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň hö­kü­me­ti paý­na­ma­la­ry­nyň 5 gö­te­ri­mi­ni hö­dür­le­me­gi hem-de sa­tuw­dan ge­len pu­ly pa­ty­şa­ly­gyň gir­de­ji­le­ri­niň çeş­me­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň mak­sat­na­ma­la­ry­na gö­nük­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

– Bu ha­ky­kat­dan hem ta­ry­hy wa­ka – di­ýip, “Sau­di Aramco”-nyň Pre­zi­den­ti Amin Nas­ser mä­lim et­di.

Ne­bit kon­ser­ni paý­na­ma­la­ry­nyň 5 gö­te­ri­mi­ni hö­dür­le­me­gi hem-de 100 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­zan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. “Bloom­berg” agent­li­gi ha­bar çeş­me­le­ri­ne sal­gy­la­nyp, paý­na­ma­la­ryň ba­ha­sy­nyň iki tril­li­on dol­lar­dan az bol­ma­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Onuň gu­tar­nyk­ly ba­ha­sy­ bol­sa ma­ýa­dar­la­ryň ar­za­la­ry dü­zü­lip gu­ta­ry­lan­dan soň mä­lim edi­ler. Hä­zir­ki wagt­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň pa­ty­şa­ly­gy “Gö­rüş – 2030” stra­te­gi­ýa­sy­nyň üs­tün­de iş­läp, öz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.