11-13-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Pa­riž­de ikin­ji pa­ra­hat­çy­lyk fo­ru­my ge­çi­ril­di. Onuň çäk­le­rin­de fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar biodür­lü­li­gi go­ra­mak, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki kyn­çy­lyk­la­ryň in­no­wa­si­on çöz­güt­le­ri ýa­ly glo­bal me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Bu fo­ru­ma dü­zü­min­de 30 ýur­duň döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry bo­lan 136 res­mi we­ki­li­ýet, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, şol san­da, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­reş gat­naş­dy. Fo­rum­da 7 müň ada­myň gat­naş­ma­gyn­da pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk, ösüş, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­ra­da­ky me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Fo­ru­myň gu­ra­ma­çy­la­ry 100-den gow­rak tas­la­ma­nyň ara­syn­dan gel­je­gi uly 10 tas­la­ma­ny saý­lap, ama­la aşyr­mak üçin ze­rur ýar­dam­la­ry be­rer­ler. Bu fo­rum Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ro­nyň baş­lan­gy­jy bi­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga ýar­dam ber­mek hem-de glo­bal me­se­le­le­ri ara­dan aýyr­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar. Bi­rin­ji fo­rum ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da ge­çip­di.