Teh­no­lo­gi­ýa­­nyň yzy­gi­der­li ös­me­gi ne­ti­je­sin­de, dün­ýä­niň iri şä­her­le­rin­de hem teh­no­lo­gi­ýa­nyň gazananlaryny giň­den or­naş­dyr­mak ug­run­da ta­gal­la edil­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­ri hem bar. Gel­jek ýyl “EKS­PO” ugur­ly bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň ge­çi­ril­jek ýe­ri bo­lan Du­baý şä­he­rin­de hä­zir­den gün­de­lik dur­mu­şyň köp bö­le­gi in­ter­ne­te bag­ly bo­lup dur­ýar. Ula­gy­ňy äti­ýaç­lan­dyr­mak, ça­ga­ňy mek­de­pe ha­sa­ba al­dyr­mak, ýa­şa­ýyş ja­ýy­ny kä­ren­de­si­ne al­mak ýa­ly ýe­ne-de köp san­ly me­se­le­ler san­ly­ja se­kun­dyň do­wa­myn­da çö­zül­ýär.
Häz­ir­ki wagt­da ada­ty şä­her­den “smart” şä­he­re geç­mek üçin uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Du­baý şä­he­ri­niň “akyl­ly şä­her” bol­ma­gyn­da “Du­baý şu gün” at­ly şä­he­riň äh­li eda­ra­la­ry­ny bir ýer­de jem­le­ýän san­ly meý­dan­ça­nyň dö­re­dil­me­gi bol­dy. Şo­nuň ha­sa­by­na şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we onuň myh­man­la­ry­nyň köp san­ly iş­leri ama­la aşyr­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­ret­di. Bu meý­dan­ça­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek ba­bat­da çäreler al­nyp ba­ryl­ýar. Oňa hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ry hem goş­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. In­ter­net ul­ga­myn­da­ky şeý­le meý­dan­ça ka­gyz do­la­ny­şy­gy­ny hem ara­dan aýyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Şeý­le hem “akyl­ly şä­her” ul­ga­my­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­niň bi­ri hem san­ly elekt­ro­ul­ga­my­dyr. Elekt­rik to­gu­nyň yzy­gi­der­li bol­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Mu­ny Du­baý şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi 2 mil­liard dol­lar­dan gow­rak ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni sarp edip, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ýit­gi­si­ni 3,3 gö­te­rim azalt­dy.

Gurbanmyrat GURBANOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.