Saýlaw uçastogyna gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko 2020-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna öz dalaşgärligini hödürlejekdigini mälim etdi. 2015-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenko saýlawçylaryň 83,40% sesine eýe bolupdy.
Belarusda Milli ýygnagyň wekiller palatasynyň deputatlarynyň saýlawlary ýedinji gezek geçirilýär. Bu syýasy çärede 110 saýlaw okrugynyň 110 deputaty saýlanar. Kim köp ses gazansa, şol hem ýeňiş gazanýar. Bir orna ortaça bäş adam düşýär. Dalaşgärleriň sany bolsa, 500 adamdan geçýär. Mundan başga-da bu parlament saýlawlarynda 1030 sany halkara synçylary bellige alyndy. Şeýlelikde, belarus parlamenti 70% täzelener. Milli ýygnagyň wekiller palatasynyň täze çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň 6-njy dekabrda geçiriljekdigini Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Lidiýa Ýermoşina mälim etdi. Mundan ozal, 7-nji noýabrda ýokarky palatanyň saýlawlary geçirilip, onuň netijesinde, täze çagyrylyşyň 56 senatory saýlandy.
Belarusda ses bermäge hukugy bolan 6 million 880 müňden gowrak raýat bolup, olaryň 1,3 milliondan gowragy Minskde ýaşaýar. Ýurt boýunça 5,83 müň saýlaw uçastogy döredilip, olaryň 46-sy daşary ýurtlarda işledi. Belarus Respublikasy Gündogar Ýewropada ýerleşýän döwlet bolup, ilaty 9 million 475 müňden geçýär.
17-nji noýabrda Belarus Respublikasynda Milli ýygnagyň (parlament) wekiller palatasyna (aşaky palata) saýlawlar geçirildi. Sesler doly sanalandan soňra, Milli ýygnagyň deputatlarynyň täze düzümi belli bolar. Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, ses berlişik 110 saýlaw okrugynda geçirildi. Saýlawlara gatnaşyk 77,22%-den gowrak boldy. Saýlawlaryň gutarnykly netijeleriniň ýakyn wagtda mälim ediljekdigi barada ýurduň saýlaw komissiýasy habar berdi.