Lon­don­dan Sid­ne­ýe ugur alan Awst­ra­li­ýa­nyň “Qan­tas” awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Boeing 787-9 Dream­li­ner” uça­ry ýo­lag­çy awia­si­ýa­sy­nyň ta­ry­hyn­da gon­man, iň uzak uçu­şy ama­la aşyr­dy. Sy­nag uçu­şyn­da 17,8 müň ki­lo­met­r ara­ly­gy 19 sa­gat 19 mi­nut­da geç­di. Bu uçuş ara­ly­gy hem-de do­wam­ly­ly­gy bo­ýun­ça mun­dan ozal­ky re­kord­la­ry tä­ze­le­di.

Ho­wa gä­mi­si 14-nji no­ýabr­da ir sa­gat 6-da Lon­do­nyň Hit­rou­ ae­ro­por­tun­dan ugur alyp, Ger­ma­ni­ýa, Rus­si­ýa, Pol­şa, Be­la­rus, Ga­za­gys­tan we Hy­taý ýa­ly ýurt­la­ryň ho­wa gi­ňiş­li­gin­den ge­çip git­di. Soň­ra ho­wa laý­ne­ri gü­nor­ta ta­ra­pa ugur alyp, Fi­lip­pin­le­riň we In­do­ne­zi­ýa­nyň üs­tün­den uçup ahyr­ky men­zi­li­ne bar­dy.

“Boeing 787-9 Dreamliner” kysymly uça­ry­ 256 ýo­lag­ça niýetlenen bolsa-da, bu ge­zek oňa uçar­man­lar bi­len bir­lik­de 50 ýo­lag­çy mün­dü­ril­di. Uçuş döw­rün­de ýo­lag­çy­la­r iki ge­zek Gü­nüň dog­şu­ny gör­di­ler.

Lon­don-Sid­neý gat­na­wy 2018-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Sin­ga­pur ho­wa ýol­la­ry­nyň Nýu-Ýork-Sin­ga­pur ara­ly­gyn­da go­ýan re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Şon­da laý­ner 17 sa­gat 25 mi­nut­lap uçu­şy­ny do­wam et­di­rip­di.

Kom­pa­ni­ýa 2022-2023-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Lon­don-Sid­neý ara­ly­gyn­da he­mi­şe­lik gat­na­wy ama­la aşyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Awia­kom­pa­ni­ýa gel­jek­de hem Awst­ra­li­ýa­dan has uzak uçuş­la­ry ama­la aşyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. “Qan­tas” awia­kom­pa­ni­ýa­sy 1922-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp, dün­ýä­de üçün­ji ir­ki kom­pa­ni­ýa ha­sap­lan­ýar.