Şri-Lankada geçirilen Prezident saýlawlarynda Gotabaýa Rajapaksa ýeňiş gazandy. Ol 18-nji noýabrda Anuradhapura şäherinde kasam kabul edip wezipesine girişdi. Gotabaýa Rajapaksa kasam kabul ediş dabarasynda öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirýän hökümet gurjakdygyny aýdyp, halky hökümet bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. Şeýle hem ol ýurtda asudalygy üpjün etjekdigini belledi. Ýurduň saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, bu syýasy çärä gatnaşyk 83,7%-e deň boldy. Gotabaýa Rajapaksa saýlawçylaryň 52,25% sesine, onuň esasy bäsdeşi Sajit Premadasa bolsa, sesleriň 41,99%-ine eýe boldy.
– Meniň borjum ähli şri-lankalylara hyzmat etmekdir. Men öz borjumy adalatly ýerine ýetirjekdigimi wada berýärin – diýip, ýurduň täze saýlanan Prezidenti Gotabaýa Rajapaksa aýtdy.
Gotabaýa ozalky Prezident Mahinda Rajapaksanyň kiçi doganydyr. 16-njy noýabrda Şri-Lankada geçirilen bu saýlawlara jemi 35 dalaşgär gatnaşyp, olar dürli partiýalaryň wekillerinden ybaratdyr.
Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasy Günorta Aziýanyň bir döwletidir. Bu ýurt 1972-nji ýyla çenli Seýlon diýlip atlandyrylyp, sanskrit dilinden terjime edeniňde, “Abadan ýurt” diýen manyny berýär. 9 welaýatdan ybarat bu ýurtda 21 million 676 müňe golaý adam ýaşaýar. Ýurt 1948-nji ýylyň 4-nji fewralynda garaşsyzlygyny alýar.