Şri-Lan­ka ýa­kyn bäş ýyl­da Hy­ta­ýa ga­ra ça­ýyň eks­por­tu­nyň muk­da­ry­ny 20 mil­li­on ki­log­ra­ma çen­li art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu ba­ra­da Şri-Lan­ka­nyň çaý eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Lýu­sil­li Wi­ji­war­de­na mä­lim et­di.

– Mun­dan ozal, Hy­taý seý­lon ça­ýy­nyň esa­sy hy­ry­da­ry bol­man­dy. Çün­ki Hy­ta­ýyň özi çaý ön­dü­ri­ji ýurt bo­lup dur­ýar. Ýö­ne hy­taý­ly ýaş­la­ryň kö­pü­si­niň süýt­li ga­ra ça­ýy ha­la­ma­gy, bu ýur­da çaý eks­port et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär – di­ýip, Wi­ji­war­de­na bel­le­di.

Her ýyl­da ça­ýyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň 300 mil­li­on ki­log­ra­my­ny ön­dür­ýän Şri-Lan­ka­nyň esa­sy ba­zar­la­ry Tür­ki­ýe, Eý­ran, Yrak we Rus­si­ýa bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Şri-Lan­ka her ýyl­da Hy­ta­ýa 11 mil­li­on ki­log­ram tö­we­re­gi çaý eks­port ed­ýär. Go­laý­da Şan­haý­da öz işi­ni ta­mam­lan ikin­ji hal­ka­ra im­port ser­gi­si­ne hy­taý ba­za­ryn­dan uly müm­kin­çi­lik­le­ri ýü­ze çy­ka­ran Şri-Lan­ka­nyň bir­nä­çe iri çaý ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ry hem gat­naş­dy.

Wi­ji­war­de­na Hy­ta­ýyň ýa­kyn 5 ýy­lyň için­de seý­lon ça­ýy­nyň esa­sy sa­tyn aly­jy­sy­nyň bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Şri-Lan­ka­nyň çaý eda­ra­sy ýur­duň çaý se­na­ga­ty­ny do­lan­dyr­ýan ýo­ka­ry döw­let eda­ra­sy ha­sap­lan­ýar. Onuň esa­sy mak­sa­dy ýurt­da çaý se­na­ga­ty­nyň ös­me­gi­ne ýar­dam ber­mek, şeý­le hem, seý­lon ça­ýy­nyň bü­tin dün­ýä­de meş­hur­ly­gy­ny art­dyr­mak­dan yba­rat bo­lup dur­ýar.