Müsüriň Sues müdirligi Sues kanalynyň ulanmaga berilmeginiň 150 ýyllygyna bagyşlap, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Ismailiýa welaýatynda 17-nji noýabrda dabara geçirdi. Dabara ýüzlerçe adam, şol sanda, resmi adamlar gatnaşdylar.
Sues kanalynyň müdirliginiň başlygy Usama Rabi dabarada eden çykyşynda 150 ýylyň dowamynda kanal arkaly 1,3 million gäminiň geçendigini, 28,6 milliard tonna ýük daşalandygyny, şeýle hem, 135,9 milliard dollar möçberinde girdeji getirendigini mälim etdi. Häzirki wagtda bu kanalyň üsti bilen dünýä söwdasynyň 10%-i amala aşyrylýar.
Uzak ýyllaryň dowamynda Sues kanalyndan gelýän girdejiler ýurduň esasy girdejileri bolupdy. Gämi gatnawyndan, nebitden we syýahatçylykdan gelýän girdejiler Müsür ykdysadyýetiniň esasy sütünleri bolup durýar. Sues kanaly 2018-2019-njy maliýe ýylynda Müsüre 5,9 milliard dollar girdeji getiripdir.
Sues kanalynyň gurluşygy Fransiýanyň maýa goýumlarynyň ýardamy bilen 1859-njy ýylda başlanýar. Kanal 1869-njy ýylyň 17-nji noýabrynda resmi taýdan ulanmaga berilýär.