Tug we Tug­ra ny­şan­la­ry türk­men­le­riň däp-des­su­ry­na, dün­ýä­ga­raý­şy­na az tä­sir et­män­dir. Hut şo­nuň üçin hem ta­ry­hyň dür­li dö­wür­le­rin­de kä­bir tug we tug­ra ny­şan­la­ry­nyň dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­la­nan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Ol ny­şan­lar hä­zir­ki gü­ne çen­li hem öz äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­me­ýär­ler.
Ýyl­dyz­la­ryň ýa­rym aý bi­len ut­ga­şan şe­ki­li – ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de bü­rünç döw­rün­den bä­ri bel­li bo­lan ga­dy­my ny­şan­dyr. Bu ta­ry­hy ny­şa­ny ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, türk­men­le­riň dür­li dö­wür­ler­dä­ki ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­rin­de ga­bat gel­mek bol­ýar. Ýa­rym aý ny­şa­ny di­ňe gi­jä­ni ala­mat­lan­dyr­man, eý­sem ony ta­rap gör­kez­ýän ny­şan bo­lan­dy­gy­ny aň­lad­ýan ta­ry­hy çeş­me­le­re ga­bat gel­mek bol­ýar.
Türk­men­ler­de iň ýör­gün­li ny­şan­la­ryň bi­ri, ýyl­dy­zyň ýa­ry­maý bi­len ut­ga­şan şe­ki­li hä­zir­ki wagt­da döw­let Baý­da­gy­my­zy hem be­ze­ýär. Aý bol­sa türk­men hal­ky­nyň sag-sa­la­mat­dy­gy­ny, ba­şy­nyň dik­di­gi­ni, il-gü­nü­niň aman-esen­di­gi­ni be­ýan ed­ýär. Bi­ziň Baý­da­gy­myz­da­ky ak reňk­li ýa­ry­maý we bäş sa­ny ýyl­dyz hal­ky­my­zyň bagt­ly gel­je­gi­ni aň­lad­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ny­şan­la­ryn­da­ky bäş sa­ny ýyl­dy­zyň hem aň­lad­ýan bir­nä­çe ma­ny­la­ry bar­dyr. Ýag­ny, bu ar­zu­wyň we hy­ýa­lyň, ýag­ty­ly­gyň we ada­la­tyň, alys ýo­luň ny­şa­ny­dyr.
Her bir türk­men taý­pa­sy­nyň öz­bo­luş­ly ha­ly gö­li bar. Şol göl­le­riň iň kä­mil­le­şen nus­ga­la­ry Baý­dak­da ýer­leş­di­ri­lip­dir. Göl­le­riň ýer­leş­di­ri­liş ter­ti­bi kes­git­le­nen­de reňk­le­riň saz­la­şy­gy, göl­le­riň şe­kil­le­ri­niň saz­la­şy­gy göz öňün­de tu­tul­dy. Döw­let ny­şan­la­ryn­da­ky ýer­leş­di­ri­len göl­ler ha­ky­kat­dan hem türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ta­ry­hy­nyň we ne­sil da­rag­ty­nyň çuň kök­li go­lu­dyr. Hal­ky­myz en­çe­me asyr­lar­dan soň, Döw­let Baý­da­gy­ny özü­niň mil­li hä­si­ýe­ti­ne, ata-ba­ba des­su­ry­na la­ýyk­lyk­da ka­bul et­di we öz ýa­şyl Tu­gu­nyň eýe­si bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň döw­let baý­da­gy bi­ziň mil­li gu­wan­jy­my­za öw­rül­di. Mi­ze­mez mu­kad­des döw­let Tu­gu­myz hal­ky­my­zyň ýer ýü­zün­dä­ki mer­te­be­si­niň beý­gel­me­gi­niň, at-ab­ra­ýy­nyň, şan-şöh­ra­ty­nyň has-da art­ma­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Bil­şi­miz ýa­ly, ata-ba­ba­la­ry­myz her bir dö­wür­de döw­let gur­lu­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe baý­dak­la­ry dö­re­dip­dir­ler. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny alyp, tä­ze bir eý­ýa­ma ga­dam bas­ma­gy bi­len, türk­men ru­hu­nyň ha­ly­da­ky mil­li gör­ke­zi­ji­le­ri­niň baý­da­gy­my­zyň keş­bin­de jan­lan­ma­gy ýö­ne ýe­re däl­dir. Ha­ly, baý­dak, tug bu­lar ata-ba­ba­la­ry­my­zyň dün­ýäga­ra­ýyş pel­se­pe­si­ni özün­de jem­le­ýän ny­şan­la­ryň bü­te­wi­li­gi­dir. Şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­lar­dan asyr­la­ra aşyp gel­ýän dur­muş tej­ri­be­si­niň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­niň yk­ra­ry, hal­ky­my­zyň syn­maz yna­my­nyň ny­şa­ny bo­lan ýa­şyl Baý­da­gy­myz giň as­ma­nyň gu­ja­gy­ny baky bezesin!

Şa­my­rat Kür­rä­ýew,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky Har­by ins­ti­tu­tynyň ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri
bo­ýun­ça bö­lü­mi­niň gu­ma­ni­tar taý­ýar­ly­gy
bo­ýun­ça serkerdesi.