Gündelik durmuşymyzda her gün diýen ýaly, içilýän esasy içgileriň biri kofedir. Köplenç, adamlar kofäni ertirlik wagty içýän bolsa, käbiri ony iş ýerinde içýär. Ynsany özüne çekýän kofäniň ýygylyp, işlenip, bulguryňyza çenli gelip ýetýän pursatlary gyzykly bolsa gerek.
Kofe agaçda ýetişýän miwäniň dänelerinden alynýar. Kofe agajynyň miwesi üljä meňzeşdir. Onuň bişip ýetişmegi üçin, 9 aý gerek. Bişen miweler el bilen ýygnalýar. Gün arkaly guradylyp, däneleri alynýar. Şol kofe däneleri gowrulýar. Gowrulýan döwründe däneler ulalýar we reňkini üýtgedýär. Wagtyň geçmegi bilen, dänedäki suw azalyp, ol adaty kofeniň reňkini emele getirýär. Näçe köp gowrulsa, şonça-da kofeniň tagamy gowy bolýar. Soňra, däneler üwelip, emele gelen kofäni gaýnan suw bilen içip bilersiňiz.
KOFENIŇ DÜZÜMI
Uly höwes bilen içilýän kofeniň düzüminiň köp bölegi suwdan ybarat. Ýagny, onuň möçberi 98 göterime deňdir. Adamlary bu içgä imrikdiriji bölek 2 göterime deňdir. Ol hem kofein, trigonella ýaly kristallardan durýar. Kofein adamy rahatlandyryjy häsiýete eýedir.
KOFE BARADA
GYZYKLY MAGLUMATLAR
Halkara kofe guramasynyň maglumatyna görä, her ýyl 160 million halta kofe içilýär. Kofe diňe içmek üçin hem ulanylmaýar. Ony käbir ýerlerde un ýaly tozanjyklara öwrüp, çörek, şokolad, dürli süýji önümlerde ulanýarlar.
Dünýäde iň gymmat kofe Indoneziýadadyr. Bu ýerdäki “Kopi luwak” kofesi bolup, onuň 500 gramynyň bahasy 700 dollara deňdir. Şol birwagtda kofeniň köp peýdaly taraplary hem bar. Onuň düzümindäki kofein adamlaryň şähdini açyp, fiziki hereketliligini ýokarlandyrýar.
Taryhy maglumatlara görä, kofe IX asyrda tapylypdyr. Kaldi atly çopan öz geçileriniň bir agajyň miwelerini iýip, has gurply bolandygyny görüpdir. Çopan bu agajyň miwesi hakynda dini alymlara gürrüň beripdir. Olar hem agajyň miwesinden ybadat döwründe ýadamazlyk üçin içgi taýýarlapdyrlar.
Häzirki wagtda, kofe dünýäniň ähli ýerine giňden ýaýrady. Finlýandiýada bir ýylda jan başyna 12 kilogram kofe sarp edilýär. Bu görkeziji Norwegiýada 10, Islandiýada 8,7, Şwesiýada 8,2 kilograma deňdir.
Nartäç Şyhyýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.