24-nji noýabrda Rumyniýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Klaus Ýohannis 65,5% ses bilen ýeňiş gazandy. Ol Milli-liberal partiýanyň dalaşgäridir.
Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlary ähli saýlaw uçastoklary ýapylandan soňra mälim edildi. Ýohannisiň bäsdeşi Sosial-demokratik partiýanyň lideri Wiorika Dençile sesleriň 33,5%-ine eýe boldy. Saýlawlara gatnaşyk 49,84%-e eýe boldy. Şeýlelikde, Klaus Ýohannis bäş ýyllyk möhlet bilen Rumyniýanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlandy.
10-njy noýabrda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda Klaus Ýohannis 39% sese, Sosial-demokratlaryň lideri Wiorika Dençile bolsa, 22,5 göterim sese eýe bolupdy.
Kanun çykaryjy häkimiýet iki palataly parlamentden ybarat bolup, Senatdan (176 orun) we Wekiller palatasyndan (412 orun) ybaratdyr. Günorta-Gündogar Ýewropa döwleti bolan Rumyniýanyň 19 million 511 müň töweregi ilaty bar. Paýtagty Buharest. Ukraina, Moldowa, Wengriýa, Serbiýa we Bolgariýa bilen araçäkleşýän bu ýurt garaşsyzlygyny 1877-nji ýylyň 21-nji maýynda jar edýär.