Bel­li ame­ri­kan işe­wü­ri, mil­li­ar­der Maýkl Blum­berg De­mok­ra­tik par­ti­ýa ta­ra­pyn­dan ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­di. 77 ýaş­ly Maýkl Blum­berg 2020-nji ýyl­da ABŞ-da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Mun­dan ozal, “For­bes” žur­na­ly “Bloom­berg News” agent­li­gi­niň ho­ja­ýy­ny Maýkl Blum­ber­giň ma­li­ýe ýag­da­ýy­nyň 55,5 mil­liard dol­la­ra deň­di­gi­ni mä­lim edip­di. Maýkl Blum­berg aram sy­ýa­sy ga­ra­ýyş­la­ry we biz­nes­dä­ki aý­ra­tyn tej­ri­be­si bi­len giň­den ta­nal­ýar. Ol 2002-2013-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Nýu-Ýor­kuň me­ri we­zi­pe­si­ni eýe­le­di.

Ol saý­law­la­ra gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len ze­rur res­mi­na­ma­la­ry­ny fe­de­ral saý­law ko­mis­si­ýa­sy­na tab­şyr­dy. Onuň ady Ala­ba­ma şta­ty­nyň de­mok­rat­la­ry­nyň saý­law býul­le­te­ni­ne gi­ri­zil­di. Ala­ba­ma saý­law­la­ryň il­kin­ji baş­lan­jak ýe­ri bo­lup, bu ştat­da 2020-nji ýy­lyň 3-nji mar­tyn­da saý­law­lar ge­çi­ri­ler. Blum­berg öz da­laş­gär­li­gi­ni özi ma­li­ýe­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­di­rip, öz kam­pa­ni­ýa­sy­nyň te­le­wi­de­ni­ýe ar­ka­ly ma­ha­bat­lan­dyr­ma­la­ry­na 37 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­de se­riş­de goý­ber­me­gi mak­sat edin­ýär.

Maýkl Blum­berg 1964-nji ýyl­da ABŞ-nyň Jons Hop­kins uni­wer­si­te­ti­ni ta­mam­la­ýar. Ol il­ki ba­ka­lawr de­re­je­si­ni, soň­ra bol­sa, işe­wür do­lan­dy­ry­jy­lyk bo­ýun­ça ma­gistr de­re­je­si­ne eýe bol­ýar. Ol 2018-nji ýyl­da ABŞ-nyň Jons Hop­kins uni­wer­si­te­ti­ne ha­ýyr-sa­ha­wat hök­mün­de 1,8 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de pul ge­çir­ýär. Bu şeý­le gör­nüş­dä­ki iň uly ha­ýyr-sahawat ha­sap­lan­ýar.