G20 ýurtlary Bütindünýä söwda guramasynda özgerişlik geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle pikir Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilen daşary işler ministrleriniň ýygnagynyň netijeleri esasynda mälim edildi. Bu mesele gepleşikleriň iň esasy özenini düzdi. G20-ä agza ýurtlaryň wekilleri BSG-ni üýtgedip gurmakda we guramanyň düzgünlerine gaýtadan seretmekde liderligi öz üstüne almaga taýýardygyny mälim etdiler. “Uly ýigrimiligiň” daşary işler ministrleriniň Nagoýada geçirilen duşuşygynda, onuň indiki başlyklygy Saud Arabystanynyň ygtyýaryna berildi. G20-iň indiki sammiti geljek ýylyň noýabrynda Er-Riýadda geçiriler.