Özbegistan Respublikasynda 22-nji dekabrda ýurduň kanun çykaryjy edarasy – “Oliý Mejlis”-iň deputatlarynyň, hem-de ýerli geňeşlikleriň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berdi. Saýlawçylaryň 20 milliondan gowragy, şol sanda ýaşlaryň 2 milliondan gowragy saýlawlarda ses bererler. Mundan ozal, 20-nji sentýabrda saýlawlardan öňki kampaniýalaryň başlanandygy habar berlipdi.
Şu ýyl Parlamente saýlawlar we halk deputatlarynyň ýerli geňeşine saýlawlar Özbegistan Respublikasynyň täze Saýlaw kanunlaryna laýyklykda geçirilýär. Ilkinji gezek saýlawlara bäş syýasy partiýa öz dalaşgärlerini hödürleýär. Olar “Milliý tiklaniş” demokratik partiýasy, Özbegistanyň halk demokratik partiýasy, Telekeçileriň we işewürleriň hereketi bolan Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy, “Adolat” Sosial-demokratik partiýasy we Özbegistanyň ekologik partiýasydyr. Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, bu syýasy çäre 150 saýlaw okrugynda guralar.
Özbegistanyň Parlamenti aşaky (kanun çykaryjy) we ýokarky (senat) palatalardan ybaratdyr. Iki palatanyň wekilleriniň ygtyýarlygy 5 ýyla deňdir. Kanun çykaryjy palata 150 deputatdan, senat bolsa, 100 senatordan ybaratdyr.
Bu döwlet Gyrgyz Respublikasy, Gazagystan, Türkmenistan we Owganystan bilen serhetleşýär. Ilaty 33 million 724,5 müň adama deň bolan bu ýurt 1991-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda garaşsyzlygyna eýe bolýar.