Konserwatiw partiýanyň başlygy, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson 12-nji dekabrda möhletinden öň geçirilýän saýlawlaryň öňüsyrasynda saýlawlardan öňki meýilnamasyny mälim etdi. Jonson britan jemgyýeti üçin iň çynlakaý meseleleriň biri bolan salgytlary ýokarlandyrmajakdygyny we saglygy goraýyşa edilýän çykdajylary has-da artdyrjakdygyny wada berdi.
Premýer-ministr Boris Jonson saýlawlardan öňki çykyşynda – Biz ylym-bilime, mekdeplere, professional bilime, infrastruktura we beýlekilere millionlarça funt pul serişdelerini gönükdireris. Şeýle hem 2050-nji ýyla çenli täze energiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen howa zyňylýan zyýanly galyndylaryň ýaramaz täsirlerinden halas bolarys – diýip belledi.
Giň gerimli infrastruktura taslamalary, şol sanda, Beýik Britaniýa adasyny Demirgazyk Irlandiýa bilen birikdirjek köpriniň gurluşygy Boris Jonsonyň öňde goýan maksatlarydyr. Şeýle hem Jonson britaniýalylaryň girdejilerini artdyrmak, ýurduň döwlet mekdeplerinde okaýan her bir okuwçynyň maliýeleşdirilmeginiň derejesini artdyrmak, ýurduň howpsuzlygyny goramak maksady bilen goşmaça serişdeleri gönükdirjekdigini söz beripdi. Boris Jonson şu ýylyň 24-nji iýulynda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine girişdi. Ol Ýelizaweta II döwründe 14-nji Premýer-ministrdir.
Boris Jonson wagtyndan öň geçirilýän saýlawlarda öz Konserwatiw partiýasynyň obşinalar palatasyndan has köp orna eýe bolup, 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda öňde goýan maksatlarynda üstünlik gazanmaga bil baglaýar.