Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 2-nji dekabrda teleköpri arkaly “Sibiriň güýji” gaz geçirijisiniň açylyşyna badalga bererler. Rus turba geçirijileri arkaly hytaý bazaryna gazyň akdyrylmagyna bagyşlanan bu dabara dünýäniň seljeriş agentliklerinde hem-de habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Esasan hem, ykdysady seljeriş boýunça işleýän “Bloomberg” agentligi Russiýanyň Ýewropa akdyrylýan gaza bolan garaşlylygyny azaltmak maksady bilen öz energiýa biznesiniň ümzügini gündogara tarap gönükdirendigini belleýär.
Uzynlygy 2980 kilometre deň bolan “Sibiriň güýji” gaz geçirijisi rus-hytaý serhedinde ýerleşýän Kowykta, Çaýandinsk gaz ýatagyny Blagoweşensk bilen birikdirer. Rus gazy Blagoweşenskiden uzynlygy 3370 kilometre deň bolan hytaý gaz geçirijisi arkaly akdyrylar. Gaz geçirijiniň rus böleginiň operatory “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýeti bolup, 2014-nji ýylda “China National Petroleum Corp” bilen her ýylda 38 milliard kub metr gazy ugratmak boýunça 30 ýyllyk şertnama gol çekdi. “Gazprom”-da 2025-nji ýyla çenli bu görkezijilere ýetip boljakdygy mälim edilýär. Hytaý dünýäde iň iri energiýa import ediji ýurtdur. Hytaý Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly, esasan, Türkmenistandan gaz alýar.
Hytaýyň gaz import etmek mümkinçiligi baradaky Halkara energiýa agentliginiň maglumatlarynda diňe soňky 2 ýylyň içinde Hytaýda gazyň sarp edilişiniň 33 göterim artandygy bellenilýär. Bu ýagdaý, esasan hem, Hytaýyň ilatynyň hem-de senagatynyň kem-kemden kömürden gaz ulanmaga geçýändigi bilen düşündirilýär.
Halkara energiýa agentligi Hytaýyň gaz importunyň yzygiderli ösdürilýändigini we geçen ýyl onuň paýynyň 43 göterime çenli artandygyny belleýär. Import edilýän gazyň 40 göterim töweregi Merkezi Aziýadan akdyrylýar. Galan bölegi bolsa, suwuklandyrylan gaz görnüşinde Awstraliýa, Katar, Malaýziýa we Indoneziýa ýaly ýurtlardan import edilýär. Şeýle hem bilermenler rus we türkmen gazynyň importy Hytaýyň energiýa bazarynda has gymmat ýangyç hökmünde ulanylýan suwuklandyrylan tebigy gazyň paýyny pese düşürip biljekdigini belleýärler.
“Sibiriň güýji” Russiýanyň Saha (Ýakutiýa) Respublikasyndan Primorýe ülkesine we Aziýa-Ýuwaş umman sebitine gaz ugratmak üçin gurlan magistral gaz geçirijisidir.