Binýady berkden tutulan döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygy esasynda ýurdumyz daşary syýasatda hem uly rowaçlyklar gazanyp, beýik menzillere ýetýär. Bu ajaýyp üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda giň gerime eýe bolýan halkara gatnaşyklarynda aýdyň ýüze çykýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň özi biziň ata Watanymyzyň dünýä döwletleriniň içinde has-da dabaralanmagyna ýokary derejedäki ähmiýeti bilen tapawutlanýar.
Bilşimiz ýaly, mundan 24 ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Bu bolsa, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistana, türkmen halkyna dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen uly ynam, beýik mertebedir.
Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplygyny gazananyndan bäri syýasy, ykdysady taýdan tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Bu gün barha özgerýän Türkmenistan adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dünýäniň ýurtlarynyň ençemesi, iri we abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyklar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň kepilidir hem-de Türkmenistanyň dünýäde abraýynyň örän uludygynyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletlerine dostlukly saparlary, ol ýerlerde geçirilýän gepleşikler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň meselelerine bagyşlanýar. Soňky döwürler ikitaraplaýyn gatnaşyklar ep-esli giňäp, BMG-niň ynsanperwer ugurly ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleriniň Türkmenistana yzygiderli saparlary, biziň ýurdumyzyň möhüm halkara teswirnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Ynsanperwer syýasat netijesinde BMG bilen ýola goýlan oňyn gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň täze has ygtybarly ugurlaryny açdy.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň, şeýle-de 2019-njy “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä Bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýandygynyň, Türkmenistanyň dünýäde belent abraýynyň, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ägirt uly goşandynyň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplygy sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň, geosyýasy we milli bähbitleri goramagyň we ylalaşmagyň esasynda ýurtlaryň arasynda ösen gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şertidir.
Gözel Aýnazarowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary”
kafedrasynyň müdiri.