Ie­ru­sa­lim uni­wer­si­te­ti­niň ar­heo­log­la­ry Ys­ra­ýy­lyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Ha­sor şä­he­rin­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çi­rip ýör­kä­ler, otu­ran ada­myň heý­ke­li­niň bir bö­le­gi­ni tap­dy­lar. Alym­lar bu heý­ke­liň mi­la­dy­dan ozal, III müň ýyl­ly­ga de­giş­li­di­gi­ni mä­lim et­di­ler. Heý­ke­l şu ýy­lyň meý­dan möw­sü­min­de tap­y­ldy. Ýü­ze çy­ka­ry­lan frag­ment 45×40 öl­çeg­dä­ki otu­ran ada­myň da­ba­ny bo­lup, heý­ke­liň sü­tü­ni­niň esa­syn­da oýu­lup ýa­zy­lan ie­rog­lif ýaz­gy­la­ry bar. Ar­heo­log­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, heý­ke­liň be­lent­li­gi ada­m bo­ýu­na ba­ra­bar bo­lup­dyr. Heý­kel Mü­sü­riň ýo­ka­ry gat­la­gy­nyň we­kil­le­ri­niň bi­ri­ne de­giş­li bo­lup­dyr diý­lip çak­la­nyl­ýar. Ýö­ne hä­zir­ki wagt­da alym­lar heý­ke­liň bas­gan­ça­gyn­da­ky ýaz­gy­la­ry do­ly aý­dyň­laş­dy­ra­nok­lar. Şo­nuň üçin mü­sür­li­niň ady we we­zi­pe­si hä­zir­lik­çe nä­bel­li­li­gi­ne gal­ýar.
Bu ta­pyn­dy Or­ta­ýer de­ňziniň tö­we­rek­le­rin­den ta­py­lan ga­dy­my Mü­sür heý­kel­le­ri­niň bi­ri­dir. Beý­le­ki bir heý­kel bol­sa, üç ýyl mun­dan ozal ta­py­lan sfink­siň frag­men­ti bo­lup, on­da mi­la­dy­dan 2500 ýyl ozal, hö­küm­dar­lyk eden fa­ra­on Mi­ke­ri­niň ady oýu­lyp ýa­zy­lyp­dyr. Her iki heý­ke­liň şol bir bi­na­dan ta­py­lan­ly­gy üçin ar­heo­log­lar bu ýer­de uly we­zi­pe­li adam­la­ryň ýa­şan bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi ba­ra­da­ky çak­la­ma­la­ry­ny öňe sür­ýär­ler. Ha­sor şä­he­ri mi­la­dy­dan öň­ki döw­rüň ikin­ji müň ýy­lyn­da uly şä­her­le­riň bi­ri bo­lup, Wa­wi­lon ýa­ly iri şä­her­ler bi­len söw­da ara­gat­na­şy­gy­ny ýo­la go­ýup­dyr. Mi­la­dy­dan öň, XVIII-XIII asyr­lar­da Ha­na­an Mü­sü­re de­giş­li bo­lup­dyr. Ga­dy­my ýaz­gy­lar­da Ha­sor de­mir­ga­zyk Ha­naa­nyň paý­tag­ty hök­mün­de ýat­la­nyp ge­çil­ýär.