10-njy no­ýabr­da Is­pa­ni­ýa­da ge­çi­ri­len saý­law­lar­dan soň­ra ýur­duň De­pu­tat­lar Kong­re­si we Se­na­ty tä­ze­den işe baş­la­dy. Ýurt­da iki pa­la­ta­ly par­la­ment bo­lup, ola­ryň iki­si­niň hem baş­lyk­ly­gy­na ze­nan ýol­baş­çy saý­lan­dy. Par­la­men­tiň ýo­kar­ky pa­la­ta­sy bo­lan Se­na­ta ze­nan ýol­baş­çy­nyň saý­lan­ma­gy bol­sa, ýur­duň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bol­ýar. Par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­sy bo­lan, ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra – De­pu­tat­lar Kong­re­si­niň baş­lyk­ly­gy­ny alyp bar­ýan Me­ritk­sell Ba­tet ýa­ňa­dan bu we­zi­pä saý­la­nan bol­sa, Se­na­tyň baş­lyk­ly­gy­na Pi­lar Llop saý­lan­dy. Ozal ka­zy bo­lup iş­län Llop, mun­dan ozal aýal­la­ryň hu­kuk­la­ry ba­ra­da­ky eda­ra­nyň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­sin­de zäh­met çe­kip­di.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ýur­duň hö­kü­met dü­zü­mi en­tek kes­git­len­me­di. Mu­nuň üçin par­ti­ýa­lar yla­la­şyp, koa­li­si­ýa dö­ret­me­li bo­lar­lar. Hö­kü­met baş­ly­gy Ped­ro San­çes koa­li­si­ýa hö­kü­me­ti­niň mej­lis­de ka­bul edil­me­gi­niň ýan­war aýy­na ga­lyp bil­jek­di­gi­ni aýt­dy.