Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Başlygy Si Szinpin teleköpri arkaly “Sibiriň güýji” gaz geçirijisini ulanmaga berdiler. Bu geçiriji arkaly Russiýanyň tebigy gazy Hytaýa akdyrylyp başlandy. Russiýanyň Prezidenti teleköpri arkaly “Rugsat berýärin”, HHR-iň Başlygy bolsa, “Ýola düşdük” diýmegi bilen bu gaz geçiriji dabaraly ýagdaýda açyldy.
“Sibiriň güýji” gaz geçirijisi arkaly Russiýanyň Irkutskdaky we Ýakutiýadaky ýataklardan alnan tebigy gaz Uzak Gündogara we Hytaýa akdyrylar.
Bu gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 3000 kilometre golaýdyr. Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy bilen Hytaýyň CNPC korporasiýasy 2014-nji ýylyň maý aýynda her ýyl 38 milliard kubmetr gaz ibermek babatda 30 ýyllyk şertnama baglaşypdy. Bu şertnamanyň umumy bahasy 400 milliard dollara deňdir.
Gaz geçirijisiniň gurluşygy 5 ýyl dowam etdi we oňa 1,1 trillion rubl möçberinde pul serişdesi sarp edildi. 2020-nji ýyldan başlap, “Gazprom” Hytaýa 5 milliard kubmetr tebigy gaz ibermäge başlar. 2021-nji ýylda bu görkeziji 10 milliard kubmetre, 2022-nji ýylda bolsa 15 milliard kubmetre deň bolar. 38 milliard kubmetrlik taslama kuwwatyna bolsa, 2025-nji ýylda ýetmek meýilleşdirilýär. 30 ýylyň dowamynda Hytaýa 1 trillion kubmetrden gowrak tebigy gaz iberiler.
“Sibiriň güýji” – “Gazpromyň” iň göwrümli taslamalarynyň biridir. Bu taslamada 10 müňe golaý adam işledi we 4,5 müň tehnika ulanyldy. Dürli ululykda 130 müňden gowrak turba ulanyldy. Birinji tapgyrda Çaýandin ýatagyndan Hytaýyň serhedine çenli 2160 kilometr uzynlygynda gaz geçiriji çekildi. Ikinji tapgyrda bolsa, Kowyktin ýatagyndan (gory 2,7 trln kub.m) Hytaýyň serhedine çenli 804 kilometrlik geçiriji gurlar. Bu gaz geçiriji arkaly ilkinji gaz Çaýandin ýatagyndan iberilýär. Ýakutiýadaky Çaýandin ýatagynyň gory 1,2 trillion kubmetre deňdir.