“Ýaşyl” ulaglara goýulýan maýa goýumlar täze iş orunlarynyň döremegine ýardam edýär. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) habar berýär. Meselem, dünýäniň käbir şäherleriniň ýaşaýjylary welosiped ulanýarlar. Bu ugurda Kopengagen şäheri öňdeligi eýeleýär.
Ulag – häzirki wagtda durmuşyň hem-de ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi. Ýewropa Bileleşiginde ulag senagatynyň dolanyşygy sebitiň jemi içerki önüminiň 10 göterimine deňdir. Soňky ýyllarda ekologik taýdan arassa ulag önümçiligine hem köp ähmiýet berlip başlandy. Bu başlangyçlary Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem goldaýar. Ekologik taýdan arassa ulag barada gürrüň edilende ilkinjileriň hatarynda welosiped göz öňüňe gelýär. Welosiped köp sanly meseleleri çözmäge ýardam edýär. Daniýanyň paýtagty Kopengageniň ilatynyň 36 göterimi bu ulagyň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Bu ugurda Ýewropa Bileleşiginde Kopengagen bilen bäsleşjek şäherleriň biri hem Gollandiýanyň Amsterdam şäheridir. Daniýada geçirilen seljermeleriň netijesine görä, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň welosipedi ulanmagy endik etmegi bilen 650 iş orny döredi. Ol hem önümçilik, söwda we onuň abatlanmagy hyzmatlarynyň esasynda emele geldi. Welosipedleri kärendesine bermek bu statistikanyň daşynda galýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çaklamalaryna görä, eger Moskwanyň raýatlary Kopengageniň raýatlary bilen deň derejede welosipedden peýdalanan halatynda, rus paýtagtynda goşmaça 12 müň iş orny döreýär. Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda bolsa, bu görkeziji 8 müňe barabar bolar.
Bahar KERIMOWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.