Kuweýt nebit pudagynda häzirki zaman ekologik tehnologiýalary ulanar. Bu barada Kuweýtiň ylmy barlaglar instituty (KISR) habar berdi. KISR we Kuweýtiň nebit tanker kompaniýasynyň (KOTC) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Memoranduma gol çekişlik dabarasynda KOTC-yň baş direktory Samira Omar bu ylalaşygyň daşky gurşawy goramak babatda institutyň ylmy barlaglarynyň gazananlaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendigini mälim etdi.
– Barlaghanalarda synagdan geçirilen durnukly ekologik tehnologiýalar we beýleki häzirki zaman tehnologiýalar kompaniýanyň desgalarynda ulanyşa giriziler. Bu hyzmatdaşlyk Kuweýtde hökümet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň beýik nusgasyny görkezer – diýip, ol belledi.
KOTC-yň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Ali Şehab Ahmed bu ylalaşygyň KISR bilen ekologiýa babatdaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini mälim etdi.