Şwe­si­ýa 2021-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­da howp­suz­lyk we hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­lyk eder. Şwe­si­ýa hö­kü­me­ti­niň mü­di­ri­ýe­ti­niň met­bu­gat üçin ýaý­ra­dan be­ýa­na­ty­na gö­rä, bu ka­rar gu­ra­ma­nyň Slo­wa­ki­ýa­nyň paý­tag­ty Bra­tis­la­wa­da ge­çi­ri­len mi­nistr­ler ge­ňe­şin­de ÝHHG ag­za döw­let­le­riň gat­naş­ma­gyn­da bi­ra­gyz­dan ma­kul­lan­dy.
– 2021-nji ýyl­da Şwe­si­ýa­nyň ÝHHG-niň baş­lyk­ly­gy­ny öz üs­tü­ne al­ma­gy me­niň üçin ul­y buý­sanç­dyr. Bu gu­ra­ma Ýew­ro­pa­da pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek üçin öz­bo­luş­ly sy­ýa­sy mak­sat­na­ma­sy­ny hö­dür­le­ýär – di­ýip, Şwe­si­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ann Lin­de mä­lim ed­ýär.
– 57 döw­le­ti öz içi­ne al­ýan ÝHHG gu­ra­ma­sy howp­suz­lyk sy­ýa­sa­ty ba­bat­da uly iş­le­ri alyp bar­ýar. Şwe­si­ýa özü­niň gu­ra­ma baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de Ýew­ro­pa­nyň mi­ze­mez howp­suz­lyk ka­da­la­ry­na eýe­rip, öz işi­ni do­wam et­di­rer. Biz äh­li de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça de­mok­ra­ti­ýa­ny, adam hu­kuk­la­ry­ny we gen­der deň­li­gi­ni ber­kit­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ra aý­ra­tyn ün­si gö­nük­di­re­ris – di­ýip, Ann Lin­de sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy.
Ýe­ri ge­len­de ýat­lap geç­sek, hä­zir­ki wagt­da ÝHHG ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Slo­wa­ki­ýa 2020-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan bu we­zi­pä­ni Al­ba­ni­ýa­nyň yg­ty­ýa­ry­na be­rer. Şwe­si­ýa öz ge­ze­gin­de 2021-nji ýyl­da baş­lyk­ly­gy öz üs­tü­ne alar.
De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da, Ýew­ro­pa­da we Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýer­leş­ýän 57 ýur­dy öz içi­ne al­ýan bu iri se­bit gu­ra­ma­sy howp­suz­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça iş alyp bar­ýar. 1973-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan bu gu­ra­ma­nyň ştab-kwar­ti­ra­sy Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty We­na­da ýer­leş­ýär. Türk­me­nis­tan bu gu­ra­ma­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lup, ÝHHG-niň ýur­du­myz­da dö­re­di­len mer­ke­zi 20 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri iş­le­ýär.