Energiýany tygşytlamak we daşky gurşawy goramak boýunça 13-nji hytaý-ýapon forumy 8-nji dekabrda Tokioda geçirildi. Forumyň çäklerinde hytaý we ýapon tarapy energiýa tygşytlylygy, ykdysadyýeti ösdürmek, daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreş, wodorod energiýasy we “ýaşyl” tehnologiýalar üçin innowasiýa ýaly ugurlarda 26 resminama gol çekdiler.
Forumyň açylyş dabarasynda Hytaýyň Ösüş we özgeriş boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Çžan Ýun we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Hirosi Kadziýama çykyş etdiler. Hytaýyň we Ýaponiýanyň 800 töweregi wekilleri energiýa tygşytlylygy, ykdysadyýeti ösdürmek, elektrikleşdirme, wodorod energiýasy, “arassa kömür” tehnologiýasy, ýylylyk elektrik energiýasy, Hytaýyň we Ýaponiýanyň arasyndaky uzak möhletleýin söwda ýaly alty mowzuk boýunça özara pikir alyşdylar.
– Hytaý energiýa tygşytlylygyna we daşky gurşawy goramaga birsyhly ähmiýet berip, önümçiligi ösdürmekde, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda we ekologik ýagdaýy kämilleşdirmekde öňdebaryjy ýörelgelere eýerýär – diýip Çžan Ýun belledi. Ol ýapon kärhanalarynyň hem-de guramalarynyň Hytaýyň energiýa tygşytlylygy meselelerine we daşky gurşawyny goramaga işjeň gatnaşmagyny makullaýandygyny aýtdy.
Şeýle hem Çžan Ýun energiýa tygşytlamak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça syýasy aragatnaşyklary we ylalaşyklary berkitmek, ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklary ösdürmek, halkara bazaryny bilelikde özleşdirmek, ynsanperwer alyş-çalyşlary we hyzmatdaşlyklary ýygjamlaşdyrmak ýaly teklipleri öňe sürdi.