Irlandiýanyň döwlet elektrik energiýa kompaniýasy ESB irland kenarlarynda ýel elektrik beketleriniň gurluşygy üçin Norwegiýanyň iri energiýa kompaniýasy “Equinor” bilen tagallalaryny birikdirmek hakynda ylalaşyk gazandy. Bu barada Norwegiýanyň habar beriş serişdeleri mälim edýär. Indi taraplaryň irland suwlarynda täze deňiz ýel enjamlaryny oturtmak üçin laýyk ýer bölekleriniň gözleginiň hem-de öndürilen elektrik energiýasyny saklamak üçin ýer gözlemegiň üstünde iş alyp barjakdygy barada kompaniýanyň bilelikdäki beýanatynda bellenilýär.
“Equinor” we ESB täze ýel elektrik beketleriniň 2030-njy ýyla çenli doly güýjünde işläp başlajakdygyna ynam bildirdiler. Bu ýagdaý Irlandiýanyň hökümetiniň ýurtda ulanylýan elektrik energiýasynyň 70 göterimine çenlisini ýel we Gün energiýasy ýaly täzelenýän energiýadan almak baradaky meýilleri bilen baglanyşyklydyr.
“Equinor” kompaniýasy nebit-gaz pudagynda iri eksportçy we maýadar bolup, energiýanyň täzelenýän çeşmelerine geçmek boýunça yzygiderli strategiýany amala aşyrýar. Häzirki wagtda kompaniýa Baltika deňzi sebitiniň, Beýik Britaniýanyň we Germaniýanyň ýel elektrik beketlerinden alynýan elektrik energiýasyny milliondan gowrak ýewropalylaryň öýlerine ugradýar. Ýeri gelende belläp geçsek, kompaniýa Beýik Britaniýanyň, Norwegiýanyň beýleki sebitlerinde we Aziýa ýurtlarynda energiýanyň täzelenýän çeşmelerini öndürýän şeýle elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär.