Maglumatlara görä, CNPC Hytaýyň nebit-gaz geçirijileriniň 63 göterimine, şeýle-de “Sinopec” we CNOOC ýaly kompaniýalar degişlilikde, 31 we 6 göterimine gözegçilik edýär. Ýurduň hökümeti bu nebit-gaz operatoryny döwlet emlägine gözegçilik we dolandyryş boýunça komitetiň (SASAC) gözegçilik edýän kompaniýalarynyň sanawyna girizilmegini makullady.
Maglumatlara görä, täze kompaniýada SASAC-yň 40 göterim paýy bolar. Galan bölegi bolsa, üç energiýa ägirdine, 30 göterimi CNPC-e, 20 göterimi “Sinopec”-e we 10 göterimi CNOOC-e degişli bolar. Hytaýyň hökümeti birnäçe ýyl bäri nebit-gaz geçirijisiniň bir bölegini, şeýle hem, döwlete degişli CNPC-niň 112 müň kilometrlik ýangyç turba geçirijisini täze kompaniýanyň ygtyýaryna bermegi meýilleşdirýärdi.
Hytaýyň energiýa turba geçirijiler ulgamyny birleşdirip, ony ýeke-täk operatoryň gözegçiligine geçirmek baradaky meýiller 2014-nji ýylda gürrüňi edilýärdi. Hytaýyň häkimiýeti şeýle kompaniýany döretmek bilen ýangyç-energetika toplumynyň dürli kompaniýalarynyň arasyndaky bäsleşigi aradan aýyrmaga, hem-de turba geçirijileriň içerki ulgamyny giňeltmäge tagalla edýär. Köp sanly bilermenler turba geçirijiler ulgamynyň birleşdirilip, ýeke-täk operatoryň ygtyýaryna berilmegini, esasan, hususy we daşary ýurtly kompaniýalaryň ýurduň energiýa infrastrukturasyna elýeterliligini ýeňilleşdirmek maksady bilen döredilendigini bellediler.
Hytaý energiýa pudagynda amala aşyrýan özgerişlikleriniň çäklerinde milli nebit-gaz kompaniýasyny döretdi. Bu barada “Sinhua” habarlar agentligi mälim edýär. Täze kompaniýa nebit-gaz çykarmak, daşamak we satmak işlerini deň paýlar, bu bolsa, bazar bäsleşiginiň ösmegine ýardam berer. Täze döredilen kompaniýanyň “China National Petroleum Corp” (CNPC), “Sinopec”, CNOOC we beýlekiler tarapyndan gözegçilik edilýän turba geçiriji infrastrukturanyň uly bölegini dolandyrar diýlip garaşylýar.